12-nji iýun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we onuň et­rap­la­ry­nyň, şä­her hem-de et­rap gul­luk­la­ry­nyň eda­ra ediş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne paý­tag­ty­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we aba­dan­laş­dyr­ma­gyň, şeý­le hem ony ta­la­ba­la­ýyk ula­nyş ýag­da­ýyn­da sak­la­ma­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, soň­ky ýyl­lar­da paý­tagty­my­zy ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­ni ös­dür­mä­ge köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär, şä­he­riň çäk­le­ri gi­ňel­dil­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­myz­da gu­rul­ýan tä­ze bi­na­la­ryň ara­syn­da dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň örän köp­dü­gi­ni bel­läp, ola­ryň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­na­la­ry­nyň, mu­zeý­le­riň, has­sa­ha­na­la­ryň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, sport des­ga­la­ry­nyň, söw­da mer­kez­le­ri­niň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we baş­ga-da köp san­ly dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Bi­na­gär­lik taý­dan öz­bo­luş­ly des­ga­lar gu­rul­ýar. Ola­ryň kä­bi­ri Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na hem gi­ri­zil­di. Hat­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň özi hem dün­ýä­de ak mer­mer bi­len ör­tü­len bi­na­la­ryň has köp top­la­nan şä­he­ri hök­mün­de dün­ýä­de ga­za­ny­lan­la­ryň meş­hur ki­ta­byn­da my­na­syp or­ny eýe­le­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry­ny diň­le­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dür­mek we dur­muş dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nist­ri M.Abi­low ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­my­zyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew paý­tag­ty­my­zyň kö­çe­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, je­ma­gat-ýa­şa­ýyş ul­gam­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­rini ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da wi­se-prem­ýer Aş­ga­bat­da sil suw­la­ry­ny sow­ma­ga de­giş­li in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça ýö­ri­te me­ýil­na­ma­ny taý­ýar­la­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di we bu ug­ra de­giş­li tek­lip­le­ri hö­dür­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz tas­la­ma bi­len tan­şyp, oňa bir­nä­çe dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di we de­giş­li bel­lik­le­ri aýt­dy. Bu des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän äh­li ta­lap­lar berk ber­jaý edil­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu me­ýil­na­ma­ny tä­ze­den iş­le­mek bo­ýun­ça anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz mas­la­ha­ta ça­gy­ry­lan ýol­baş­çy­la­ra paý­tag­ty­my­zyň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li­lik­de gö­zeg­çi­lik ed­ýän ugur­la­ry bo­ýun­ça aý­ry-aý­ry tab­şy­ryk­lar ber­di.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat ýur­du­my­zyň ýü­zi we onuň be­lent ab­ra­ýy bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy hem-de sy­ýa­sy ösü­şi­niň, jem­gy­ýe­tiň me­de­ni hem-de ru­hy de­re­je­si­niň, ylym-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­si bol­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we onuň et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­niň öňün­de mö­hüm we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, il­ki bi­len, şä­her­de de­giş­li dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň ta­kyk iş­le­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­ba­dyň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne ýe­tir­mek, ulag, in­že­ner­çi­lik we je­ma­gat ho­ja­ly­gy, ara­gat­na­şyk hem-de ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek, şä­he­riň önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, gur­lu­şyk iş­le­rin­de iň hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak, paý­tag­ty­my­zy se­bi­tiň örän äh­mi­ýet­li sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öwür­mek mak­sa­dy bi­len, ze­rur bo­lan üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ra­ýat go­ra­ny­şy­nyň we adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň mer­ke­zi gul­luk­la­ry­nyň de­giş­li mi­nistr­lik­ler­de we pu­dak eda­ra­la­ryn­da dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün edip, ola­ryň he­mi­şe saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýe­we anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak, dur­mu­şyň ýo­ka­ry öl­çeg­le­ri­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne Aş­ga­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­syn­da mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Dün­ýä­de iň gö­zel we aras­sa, adam­lar üçin amat­ly hem-de oňaý­ly şä­her hök­mün­de paý­tag­ty­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­rap sak­la­mak bi­ziň äh­li­mi­ziň be­lent bor­ju­myz bol­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ty jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.