Ýapon inženerleri zenanlaryň, esasan hem, tomus aýlarynda göterýän saýawany üçin tehnologik çözgüt oýlap tapdy. Ol hem uçýan saýawan. Ýaponiýanyň “Asahi Power Service” kompaniýasy “Free Parasol” uçýan enjamyň üstünde işlediler we ol saýawanyň işini ýerine ýetirer. – Men elimde saýawan götermek islemeýänligim üçin ony döretmegi makul bildim – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Kendzi Sudzuki gürrüň berýär.
Häzirki wagtda bu enjamyň synag işleri alnyp barylýar. Onuň dimetri 1,5 metre, agramy 5 kilograma deňdir. Häzirki wagtda onuň batareýasy diňe 5 minut hereket etmäge mümkinçilik berýär. Gysga wagtda bu görkezijini has-da köpeltmek hem-de dronyň agramyny ýeňilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Robot saýawan daş-töweregini kameralar arkaly yzarlar. Ol eýesiniň yzyndan galmazlyk üçin degişli ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan. Tehnologiýanyň täze önümi bolan bu saýawanyň eýesiniň yzyndan galmazlygy üçin zerur bolan tehnologik näsazlyklary düzetmäge synanyşylýar.
Häzirki wagta bu saýawan eýesini diňe Günden goraýar. Ol suw geçirmeýän derejede däl, ýöne inženerler saýawany ýagyşly günlerde-de ulanmagyň üstünde işleýärler. Saýawanyň geljek ýyl satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Onuň bahasy 275 dollara deň bolar.