Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenilip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Gün tertibine laýyklykda, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlendi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz öz üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna möhüm ýagdaý hökmünde uly ähmiýet berýär. Möhüm ähmiýete eýe bolan täze Kanun Türkmenistanda ulag syýasatynyň hem-de ulag işini dolandyrmagyň esaslaryny kesgitleýär.
Şeýle hem “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Täze Kanun Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Mahlasy, resminamada oba hojalygyny ösdürmek barada döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy maksatlary we gurallary kesgitlendi. Resminama oba hojalyk we tokaýçylyk hem-de azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmegiň esasy ugurlaryny gurşap alýar. Maslahatyň barşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hakynda maglumaty diňlenildi.
Şeýle hem deputatlar köp sanly Kanunlaryň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna seretdiler. Mundan başga-da Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir Kararlaryna üýtgetmeler girizildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýyl üçin hem-de 2018 – 2022-nji ýyllar üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.