2018-nji ýylyň 9-njy iýunyn­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de öň­de bol­jak “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne hem-de onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe we yl­gaw ýa­ryş­la­ry­na ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum bol­dy. Fo­ru­myň işi­ne ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, se­bi­tiň hä­kim­li­gi­niň, we­la­ýat sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mü­dir­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Fo­rum­da çy­kyş eden­ler, il­kin­ji no­bat­da, spor­ty tä­ze, dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak üçin ýur­du­myz­da hem­me şert­le­ri dö­ret­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eýe­le­ýän aja­ýyp or­nu­ny bel­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan äh­li iş­ler ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pä­him-paý­ha­sy­na we däp­le­ri­ne da­ýan­ýan hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da oňyn öz­gert­me­le­re alyp bar­ýar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de my­na­syp or­ny eýe­le­me­gi üçin yzy­gi­der­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl ýur­du­myz­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny hem-de “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra çä­re­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Ýa­kyn­da bol­sa, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li uly sport çä­re­si ge­çi­ril­di.
Me­dia­fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­ny mag­lu­mat taý­dan üp­jün et­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şol ýa­ry­şyň ugur­la­ry Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ke­sip we köp şä­her­le­ri öz içi­ne alyp, ga­dy­my­ýet­de ýur­du­my­zyň üs­tün­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çen aý­da Mosk­wa­da ge­çi­ri­len “Amul – Ha­zar 2018” tas­la­ma­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar “Ga­dy­my Merw” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na bar­dy­lar. Sol­tan San­ja­ryň küm­me­ti­niň ýa­nyn­da­ky meý­dan­ça­da halk dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň we te­at­ryň ar­tist­le­ri­niň sah­na­laş­dy­ran çy­kyş­la­ryn­da ga­dy­my dö­wür­ler­de Gün­do­gar ba­za­ry­na mah­sus pur­sat­lar gör­ke­zil­di.