Ýakyn onýyllyklarda çaýa bolan isleg barha artýar. Ol ösüp gelýän ýurtlarda bu içgä islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýewropanyň ýaşaýjylary köpräk kofe ýa-da suw içýärler, munuň ýany bilen soňky ýyllarda çaýyň dürli görnüşleri hem bäsdeşlik edip başlady. Bu barada BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň (FAO) taýýarlan beýanatynda bellenip geçilýär.
Çaýyň öndüriliş depgininiň ýokarlanmagy ösüp gelýän ýurtlardaky meşhurlygyna baglydyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, çaýa isleg halkyň girdejisiniň ýokarlanmagy, bu däp bolan içginiň otly, miweli, ir-iýmişli dürli görnüşleriniň peýda bolmagy bilen has-da ýokarlandy. Çaklamalara görä, öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda dünýä möçberinde gara çaýyň önümçiligi her ýyl 2,2 göterim ýokarlanar. Gök çaýyň meşhurlygy has-da artyp, onuň netijesinde çaýyň bu görnüşiniň önümçiligi her ýyl 7,5 göterim artar. Beýanatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda çaýy eksport edýän iň iri ýurt Keniýadyr. Bu babatda Hytaý hem onuň yzyndan ýetip barýar. Şeýle hem Hindistan we Şri-Lanka çaýyň eksportunda öňdeligi eýelemäge synanyşýar. FAO edarasynyň hünärmenlerine görä, çaý adam saglygyna örän peýdaly. Onuň sowuklamaga garşy göreşijilik ukyby ýokary, şeýle hem düzümindäki köp sanly himiki maddalar adam saglygyna peýdaly bolup, artykmaç agramdan dyndyrmaga kömek edýär.