Hazar deňzi ýalpaklaryndaky tebigy gazy Ýewropa eltmäge mümkinçilik berýän Trans Anadoly gaz geçirijisiniň (TANAP) açylyş dabarasy boldy. Bu soňky ýyllarda energetika ulgamynda durmuşa geçirilen iri taslamalaryň biri boldy. Gaz geçirijisi Türkiýe Respublikasynyň çäginde guruldy.
Ägirt uly gaz geçirijisi taslamasynyň açylyş dabarasy Türkiýe Respublikasynyň Eskişehir welaýatyndaky kompressor bekedinde geçirildi. Oňa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko we köp sanly ýurtdan pudaklaýyn ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.
TANAP taslamasy Türkiýäniň 20 welaýatynyň we 67 etrabynyň çäginden geçýär. 1850 kilometr uzynlygyndaky gaz geçirijisi Türkiýäniň we Ýewropanyň iň uly gaz geçirijisi bolar. Türkiýe bilen Gresiýanyň serhedindäki Edirne welaýatynyň Ipsala etrabynda tamamlanýan bu gaz geçirijisi şol ýerden Ýewropa tebigy gazy ibermäge mümkinçilik berýän Trans Adriatik gaz geçirijisi (TAP) bilen birikdiriler.
TANAP-yň geçirijilik kuwwaty 16 milliard kubmetre deňdir. Munuň 10 milliard kubmetriniň Ýewropa ýurtlaryna, 6 milliard kubmetriniň bolsa, Türkiýe Respublikasyna iberilmegi göz öňünde tutulýar. Ilkinji tapgyrda Türkiýäniň BOTAŞ edarasy 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli 2 milliard kubmetr tebigy gazy alar. Bu möçber her ýyl 2 milliard kubmetr artdyrylyp, 2021-nji ýylda 6 milliard kubmetre ýetiriler.
TANAP-yň düýbi 2015-nji ýylyň 17-nji martynda Türkiýäniň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda tutulypdy. Taslamanyň eýesi Azerbaýjanyň döwlet nebitgaz kompaniýasydyr (SOCAR). Bu kompaniýa “TANAP tebigy gaz iletim AŞ” firmasyny döretdi we bu firma ägirt uly gaz geçirijisiniň taslamasyny düzüp, onuň gurluşygyna gözegçilik etdi. Taslamanyň gurluşygynda 13 müňden gowrak adam işledi. Gaz geçirijisiniň ilkinji synag işleri 2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda geçirildi.
Taslamanyň düýbi tutulandan soňra, 1340 kilometri 887 günde amala aşyryldy. Gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanylan turbalaryň 80 göterimi Türkiýede öndürildi. Galan 20 göterimi bolsa, Hytaýdan satyn alyndy. Gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşky gurşawy goramak babatda ähli şertler göz öňünde tutuldy. Taslamanyň bahasy 8 milliard dollara barabar.
Taslama uly goldawa eýe boldy. Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş banky 500 million dollar, Ýewropa maýa goýum banky 932 million dollar maliýe kömegini berdi.
Azerbaýjanyň “Şah-Deniz” ýatagyndan Gruziýa we ondan hem Türkiýä gaz iberiler. Türkiýäniň çäklerinde gurlan TANAP taslamasy Hazar deňziniň ýalpaklarynda öndürilen tebigy gazyň Ýewropa iberilmegine mümkinçilik berer. TANAP taslamasy Türkiýe bilen Gruziýanyň serhedinden başlap, Türkiýe bilen Gresiýanyň serhedinde tamamlanýar.
“Günorta gaz geçelgesi” taslamasynyň bir bölegi bolan TANAP energiýa çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. “Şah-Deniz” ýatagyny döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyrynda öndüriljek tebigy gazy bu gaz geçirijisi arkaly ibermek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, “Günorta gaz geçelgesi” taslamasynyň birinji tapgyry şu ýylyň 29-njy maýynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde ulanmaga berlipdi.