ABŞ-nyň işewürlik jemgyýeti Gün energiýasyna ummasyz möçberde maýa goýum özleşdirýär. Gün energiýasy boýunça maýa goýum taslamalaryny öwrenýän “Solar Energy Industries Association” (SEIA) guramasy bu ugurda hasabat taýýarlady. Şol hasabata görä, geçen ýyl Gün şöhlesinden peýdalanyp, energiýa mätäçligini kanagatlandyrmak üçin maýa goýum özleşdiren kompaniýalaryň sanawyny mälim etdi. Kompaniýalaryň bu pudaga täsiri uly. Oturdylan Gün panelleri 402 müň amerikan maşgalasyny elektrik togy bilen üpjün etmäge hem-de howadaky hapa gazlaryň möçberini 2,4 million metrik tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Gün energiýasy bilen işleýän kompaniýalaryň sanawy:
10. “Amazon” – 33,6 MW: Bu kompaniýa diňe Gün energiýasy däl, eýsem, energiýa çeşmeleriniň beýleki görnüşlerine hem gyzyklanma bildirýär. Geçen ýyl kompaniýa Tehas ştatynda ýel energiýasy toplumyny döredip, ol ýerden elektrik toguny öndürip başlady. Bu toplumda 100 turbina oturdylyp, onda her ýyl 1 million megawat-sagat arassa elektrik öndürilýär.
9. “Macy’s” – 38,9 MW: Kompaniýa 40 MW kuwwatynda Gün panellerini gurnady we munuň bilen çäklenmegi göz öňünde tutmaýar. Şeýle hem şereket zir-zibilleriň gaýtadan işlenilmeginiň möçberini 70 göterime ýetirmegi göz öňünde tutýar.
8. IKEA – 44,9 MW: Kompaniýa häzirki wagtda 44,9 MW kuwwatynda Gün paneli bilen elektrik togunyň belli bir möçberini üpjün edýär. 2020-nji ýylda bolsa, kompaniýa zerur bolan elektrik togunyň ählisini gaýtadan dikeldilen energiýa çeşmeleri arkaly üpjün etmegi meýilleşdirýär.
7. “General Growth Properties” – 50,2 MW: Gozgalmaýan emläk bazarynda iş alyp barýan bu kompaniýa özüne zerur bolan elektrik togunyň belli bir möçberini energiýanyň alternatiw çeşmelerinden alýar. Munuň üçin kuwwaty 50,2 MW güýjündäki Gün panelleri oturdyldy.
6. “Costco Wholesale” – 50,8 MW: Kompaniýa Gün energiýasyna çynlakaý gyzyklanma bildirýär. 2017-nji ýylyň dowamynda şerekete degişli ammarlarda Gün energiýasyndan peýdalanyldy. Munuň üçin zerur bolan kuwwatlyk döredildi.
5. “Kohl’s” – 51,5 MW: Bu kompaniýa diňe Gün panellerini gurnaýar. Şol birwagtda ol her ýyl 150 müň tonna materiallary gaýtadan işleýär.
4. “Apple” – 79,4 MW: Tehnologiýa ulgamynda işleýän bu kompaniýa Gün energiýasyndan peýdalanýan şereketleriň sanawynda 4-nji orunda durýar. Kompaniýa dünýäniň ähli ýerindäki şahamçalarynda arassa energiýadan peýdalanmagy üçin ähli infrastrukturalary döretdi. Şereketiň ýolbaşçysy Tim Kuk muny kompaniýanyň gazanan uly üstünligi hökmünde belläp geçýär.
3. “Prologis” – 120,7 MW: Kompaniýa 121 MW kuwwatynda Gün panellerini gurnady.
2. “Walmart” – 149,4 MW: 150 MW kuwwatyndaky Gün panellerinden peýdalanýan ABŞ-nyň iri söwda merkezleriniň biri hasaplanýan bu kompaniýa hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almak üçin göreş alyp barýandygyny mälim etdi.
1. “Target” – 203,5 MW: Sanawda birinji orunda durýan kompaniýa diňe 2017-nji ýylda 40 MW kuwwatynda Gün panellerini gurnady. Şereketiň bu ugurdaky umumy kuwwaty 200 MW-dan hem gowrak boldy.
Suhannazar GOŞAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.