Dün­ýä bel­li “The Coca-Cola Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­da al­ko­gol­syz iç­gi­si­niň täze reňk­siz gör­nü­şi­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Bu ba­ra­da Sin­ga­pu­ryň “The Straits Ti­mes” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Reňk­siz, az ka­lo­ri­ýa­ly bu iç­gi li­mon ta­gam­ly bo­lup, 11-nji iýun­da köp­çü­lik­le­ýin sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Ýa­rym litr­lik ko­la­nyň ba­ha­sy 1,69 dol­lar, 280 mil­li­litr göw­rüm­dä­ki çüý­şä­niň nyr­hy 1 dol­lar­dan geç­ýär.
“Coca-Cola” kom­pa­ni­ýa­sy ýa­pon ba­za­ryn­da reňk­siz gör­nüş­dä­ki we az ka­lo­ri­ýa­ly iç­gi­si­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin 1 ýyl çe­me­si wagt iş­le­me­li bol­dy. Li­mon ta­gam­ly ko­la­ny ön­dür­mek üçin 50-den gow­rak gör­nü­şiniň sy­na­gy ge­çi­ril­di.
Soň­ky ýyl­lar­da “Coca-Cola” kom­pa­ni­ýa­sy dür­li ta­gam­ly iç­gi­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Ada­ty ko­la­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da tä­ze iç­gi­ler dür­li mi­we­le­riň ta­ga­my­ny ber­ýär.

Jeýran DURDYBAÝEWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.