Gyzyl planetadan organik “galyndy” tapyldy. Bu barada ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Meksikanyň alymlar topary habar berýär. Üç milliard ýaşly mars topragyndan organik molekulalar we uçýan birleşmeler ýüze çykaryldy. Barlagyň netijeleri “Science” žurnalynda neşir edildi. Bu açyş “Mars Science Laboratory” missiýasynyň çäklerinde “Curiosity” marsahodynyň ýardamy bilen amala aşyryldy. Bu nusgalyk Geýla kraterinden alyndy. Selsiý boýunça 500-850 derejä çenli gyzdyrylandan soňra, alymlar bölünip çykan molekulalary seljerdiler. Olaryň arasynda 2 we 3 metilofenleri, metantiol we dimetilsulfid ýaly organiki birleşmeleriň bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem kükürt wodorody, kükürt dioksidi, molekulýar kislorod we kömürturşy gazy tapyldy. Ýüze çykarylan köp sanly molekulalar has uly birleşmeleriň bölejikleri bolup bilerler. Onuň bolup biläýjek çeşmeleri – diri jandarlar, meteoritler, geologik prosesler, şeýle hem wulkanlar ýa-da gidrotermal işjeňlik bolup biler.
Gynansak-da, olaryň biologik tebigatynyň aýdyň alamatlary dürli sebäpler bilen ýok bolanlygy üçin gelip çykyşyny anyk kesgitlemek başartmady. Has iri nusgalyklary ýüze çykarmak üçin örän çuňluklarda ýerleşen jynslaryň barlanmagy zerur bolup durýar. Paleontologlar has çuňluklarda organiki maddalaryň gowy saklanyp, turşama we ionlaşma ýaly ýagdaýlara az sezewar bolýandygyny aýdýarlar.