8-9-njy iýunda Kanadanyň Kwebek şäherinde G7 toparynyň 44-nji sammiti geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Tereza Meý, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri Angela Merkel dagy gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar sammitiň gün tertibinde dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny we beýleki birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudonyň çagyrmagy bilen sammite Argentina, Bangladeş, Wýetnam, Gaiti, Keniýa, Marşall adalary Respublikasy, Norwegiýa, Ruanda, Senegal, Seýşel adalary Respublikasy, Günorta Afrika Respublikasy we Ýamaýka ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. G7-ä Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, ABŞ, Fransiýa we Ýaponiýa girýär.
Duşuşygyň ahyrynda G7 toparynyň agzalary bilelikdäki jemleýji beýanaty kabul etdiler. Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo geçirilen duşuşygyň üstünlikli tamamlanandygyny mälim etdi. Ol sammitde geçiş döwrüni başdan geçirýän ýurtlaryň zenanlarynyň bilim almagy üçin dört milliard dollar bölünip berilmegi barada karar kabul edilendigini habar berdi. Şeýle hem gender deňligi meselesi duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy.