Şu gün badalga beriljek XXI Dünýä Kubogynda çykyş etjek 32 ýygyndynyň 20-si geçenki çempionata-da gatnaşypdy. 2 topar çempionatyň debýutanty bolup, olar Panama we Islandiýadyr. Islandiýa Dünýä çempionatyna gatnaşan iň az ilatly ýurt hökmünde taryha girdi. Şeýle-de 32 ýygyndynyň arasynda Peru döwletiniň ýygyndysy uzak wagtdan soň, Dünýä çempionatyna gatnaşyp, olar mundan öň 36 ýyl ozal, has takygy, 1982-nji ýylda çykyş edipdiler.
“A” TOPARÇA. Ýer eýesi Russiýanyň ýygyndysy Saud Arabystany bilen ozal 1 gezek duşuşyp, şol ýoldaşlyk duşuşygynda-da 4–2 ýeňildi. Ruslar Müsüriň ýygyndysy bilen ilkinji gezek duşuşsa, Urugwaý bilenem 1 oýun geçirdi (1–1). Urugwaý Saud Arabystanyny mundan öňki 2 oýunda-da ýeňip bilmändir. Dünýäniň ilkinji çempiony Urugwaý Müsüri 2–0 hasabynda utupdy. Müsür bilen Saud Arabystanynyň ýygyndylary mundan ozal 5 gezek duşuşyp, afrikalylar 4 oýunda ýeňiş gazandy. Şolaryň birinde Müsür garşydaşyny 13–0 hasabynda ýeňipdi.
“B” TOPARÇA. Bu toparçada duşuşjak iki güýçli ýygyndy Portugaliýa bilen Ispaniýa ozal 35 gezek gabatlaşypdyrlar. Şolarda ispanlar 13 gezek ýeňiş gazanypdyr. Iki topar Dünýä çempionatlarynda diňe 1 gezek, ýagny 2010-njy ýylda duşuşdylar we bu oýunda-da ispanlar 1–0 hasabynda üstün çykdy. Ispaniýa Eýran bilen ilkinji gezek duşuşsa, olar Marokkony 2 oýunda-da ýeňlişe sezewar edýär. Portugaliýa Eýrany 2 oýunda-da ýeňen bolsa (olaryň biri 2006-njy ýyldaky Dünýä Kubogynda), Marokko bilen geçiren oýnunda-da 3–1 hasabynda ýeňilýär (1986-njy ýyldaky Dünýä Kubogynda).
“C” TOPARÇA. Fransiýa bilen Daniýanyň ýygyndylary özara 13 duşuşyk geçirip, fransuzlaryň ýeňşi 2 esse köpdür. Peru Daniýadyr Awstraliýa bilen duşuşyk geçirmändir. Günorta Amerikanyň wekili fransuzlar bilen 1982-nji ýylda geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda-da 1–0 hasabynda ýeňiş gazanýar. Awstraliýanyň ýygyndysy Daniýadanam, Fransiýadanam 2 gezek utulýar.
“D” TOPARÇA. Argentina bilen Nigeriýa Dünýä çempionatlarynda 4 gezek duşuşdy. Şolaryň ählisinde-de Argentina ýeňiş gazanmagy başardy. Umuman, ikisiniň arasyndaky 8 oýnuň diňe 2-sinde afrikanlar ýeňşini baýram etdi. Horwatiýa bilen Argentina 4 gezek duşuşyp, şolaryň biri 1998-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň toparçalaryndaky oýundyr. Şonda Günorta amerikalylar Pinedanyň goly bilen 1–0 ýeňýär. Argentina bilen duşuşyk geçirmedik Islandiýa Horwatiýadan 6 oýnuň 4-sinde utulyp, diňe 1-inde utýar. Nigeriýa bilen Horwatiýa bolsa, ilkinji gezek özara güýç synanyşar.
“E” TOPARÇA. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Braziliýa Kosta Rikany (10 oýunda) hem-de Serbiýany (18 oýunda) 9 gezek ýeňýär. Braziliýa toparçadaky 3 garşydaşy bilenem Dünýä Kubogynda ozal gabatlaşýar. Hatda mundan 88 ýyl ozal, has takygy, 1930-njy ýylyň 14-nji iýunda ilkinji Dünýä Kubogynda Braziliýa şol wagtky Ýugoslawiýadan 2–1 hasabynda utulyp, özüniň ýeňişli ýörişine ýeňliş bilen başlaýar. Sambaçylar şweýsarlary 3 gezek utup, olardan 2 sapar hem utulýar. Serbiýa bilen Şweýsariýa mundan ozal 13 gezek duşuşyp, ýeňişlerde serbler öňde barýar (6–2). Serbler Kosta Rika bilen birinji gezek duşuşar.
“F” TOPARÇA. Germaniýa bilen Şwesiýa 36 gezek duşuşyk geçiripdir. Şolaryň 15-sinde nemesler, 13-sinde şwedler ýeňşini baýram edýär. Germaniýa Meksikany 11 oýnuň 6-synda ýeňýär. 3 gezek Dünýä Kubogynyň çäklerinde duşuşan 2 topar soňky gezek geçen ýylky Konfederasiýa Kubogynda gabatlaşypdy. Meksika 1986-njy, Şwesiýa-da 1990-njy ýyldan bäri Germaniýany ýeňip bilenok. Günorta Koreýa bilen Meksika 10 gezek duşuşyp, ýeňiş babatda aziýalylar 5–4 öňde. Koreýler 1994-nji we 2002-nji (ýarym finalda) ýyllardaky Dünýä çempionatlarynda Germaniýadan asgyn gelýär.
“G” TOPARÇA. Toparçada 1–2-nji ýerleri paýlaşmagyna garaşylýan Angliýa bilen Belgiýa ozal 21 gezek ikiçäk duşuşyk geçirdi. Şolaryň 15-sinde iňlisler ýeňiş gazanan bolsa, Belgiýa diňe 1 oýunda garşydaşyndan üstün çykýar. Olar Dünýä çempionatlarynda 2 gezek gabatlaşýar. 1954-nji ýyldaky oýun 4–4, 1990-njy ýylda-da 2-nji tapgyrda Angliýa Belgiýany goşmaça wagtyň iň soňky minutlarynda Dewid Plattyň goly bilen 1–0 hasabynda ýeňýär. Panamanyň ýygyndysy toparçadaky beýleki ýygyndylaryň üçüsi bilenem öň gabatlaşmandyr. Angliýadyr Belgiýanyň milli toparlaryna Tunisiň ýygyndysyny öňki oýunlarda 1 gezek ýeňmek başardýar.
“H” TOPARÇA. Deňeçerräk ýygyndylary özünde jemleýän bu toparçada ozalky ikiçäk duşuşyklara seredeniňde, Kolumbiýa garşydaşlaryndan öňderäk ýaly. Ýaponlary 3 oýunda 2, polýaklary-da 7 oýunda 4 gezek ýeňen Günorta Amerikanyň wekili Senegal bilenem 1 gezek deňme-deň oýnady. Senegal Polşa bilen birinji gezek duşuşsa, olar 3 oýunda-da ýaponlardan utulmandyr (2 ýeňiş).
Toparçalarda oýnaljak 48 duşuşygyň 12-sinde toparlar ilkinji gezek garşylaşarlar. Şol 48 duşuşygyň arasynda mundan ozal iň köp oýnalany Germaniýa–Şwesiýa hem-de Ispaniýa–Portugaliýa duşuşyklarydyr.