For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 7-nji ýa­ry­şy Ka­na­da­da ge­çi­ri­lip, il­kin­ji ha­tar­dan bat alan ger­ma­ni­ýa­ly Se­bas­ti­an Wet­tel ýe­ňi­ji bol­dy. “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si 70 aý­la­wy 1 sa­gat 28 mi­nut 31,377 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 50-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Bu ýe­ňiş “Fer­ra­ri” to­pa­ry 2004-nji ýyl­dan soň, Ka­na­da­da il­kin­ji ýeň­şi­dir. Wet­tel­den 7,3 se­kunt yza ga­lan finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas (“Mercedes”) 2-nji, 8,3 se­kunt az ne­ti­je gör­ke­zen gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen (“Red Bull”) 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 121-e ýe­ti­ren Wet­tel umu­my sa­naw­da-da 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. Ka­na­da “Gran Pri­sin­de” 4-nji or­ny eýe­län Le­wis Ha­mil­to­nyň (“Mercedes”) 120 utu­k bi­len 2-nji orun­da bar­ýar. Ka­na­da “Gran Pri­sin­den” soň, 3-nji or­na çy­kan Walt­te­ri Bot­ta­syň 86, 4-nji ýer­dä­ki awst­ra­li­ýa­ly Da­ni­el Rik­ki­ar­do­nyň (“Red Bull”) 84 utu­gy bar. Möw­sü­miň 8-nji ýa­ry­şy 24-nji iýun­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­ler.