Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da ýy­lyň 7-nji bäs­le­şi­gi Ita­li­ýa Ral­li­sin­de “Hy­un­dai Shell Mo­bis WRT” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 313,46 ki­lo­metr ara­ly­gy 3 sa­gat 29 mi­nut 18,7 se­kunt­da ge­çip, şu ýyl­ky 3-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 9-njy ýeň­şi­dir. Soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny, “M-Sport Ford WRT” to­pa­ry­nyň fran­suz pi­lo­ty Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňi­ji­den 0,7 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ryş­da 3-nji or­na “Toyo­ta Ga­zoo Racing WRT” to­pa­ry­nyň fin pi­lo­ty Esa­pek­ka Lap­pi my­na­syp bol­dy. Bu ýe­ňiş bi­len utu­gy­ny 149-a ýe­ti­ren Noý­will ara­ny açyp baş­la­dy. 2-nji ha­tar­da­ky Ožie bi­len No­ýwil­liň ara­syn­da 27 utuk ara­ta­pa­wu­dy bar. Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň no­bat­da­ky ýa­ry­şy 26–29-njy iýun ara­ly­gyn­da Finl­ýan­di­ýa­da ge­çi­ri­ler.