20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde BMG tarapyndan yglan edilen “2018 – 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy.
Foruma Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Lýu Çženmin, dünýäniň 110-dan gowrak ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir düzümleriniň, halkara we sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, işewür toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri-de gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjy wekiliýetleriň baştutanlarynyň resmi bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra “Kohi Somon” Köşgüniň Uly mejlisler zalynda “Durnukly ösüş üçin suw” atly Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy.
Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çykyş etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli halklary üçin suw durmuşyň we bolçulygyň mukaddes çeşmesidir, suw bilen tebigat janlanýar, ümmülmez sähralyklar bolsa, gülleýän mekana öwrülýär. Şol sebäpli hem biziň ata-babalarymyz suwa sarpa goýup, onuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. Türkmen halky ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa aýawly çemeleşmek barada “Suw – ata, toprak – ene”, “Suw bilen toprak – gülzarlyk, suwsuz – çöllük”, “Suw – topragyň bezegi, guw – suwuň bezegi” ýaly köp sanly çuň mazmunly nakyllary döredipdirler. Şol sebäpli hem suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde berk parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr.
Syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunda, aýry-aýry bähbitlerden hakykat ýüzünde ählumumy maksatlar, uzak möhletleýin geljek üçin suw babatynda hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy ileri tutulmalydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, diňe Birleşen Milletler Guramasy bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň hem-de BMG-niň “Rio+20” Maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, beýleki ählumumy halkara duşuşyklarynda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň esasynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen şunuň ýaly wezipeleri çözüp bolar. Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgeleri bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr. Biziň düşünişimize görä, suwa elýeterlilik hukugynyň we onuň üçin jogapkärçiligiň üpjün edilmegi dünýäniň ähli döwletleri üçin hökmany bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, ykdysady iş bilen suw serişdeleriniň aýawly saklanylmagynyň we olaryň netijeli dolandyrylmagynyň arasyndaky deňagramlylygyň saklanylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagy hem-de dürli görnüşli tebigy hem-de tehnogen häsiýetli heläkçilikleriň ýüze çykmagy – bularyň ählisi bütin dünýäniň öňünde durýan meselelerdir diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz olara diňe häzirki pursatyň, çäkli milli zerurlyklaryň nukdaýnazaryndan çemeleşilmeli däldigini belledi.
Häzirki wagtda töwekgelçilikleriň mümkin boldugyça peseldilmegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak möhümdir. Anyk bellenilen, özüňi alyp barmagyň özboluşly tertibi bolup durýan düzgünler zerurdyr, olar ähli döwletleriň bähbitleriniň hasaba alynmagy esasynda işlenip taýýarlanylmalydyr hem-de ozaly bilen, adamlaryň zerurlyklary, olaryň adata öwrülen asyrlaryň dowamynda emele gelen durmuş ýörelgeleri bilen şertlendirilmelidir. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygy äşgärdir. Taryhy, tebigy-geografik aýratynlyklaryň birnäçesi sebäpli Merkezi Aziýa üçin hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi aýratyn möhümlige eýe bolýar. Suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy biziň sebitimiziň döwletleriniň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna, halklaryň abadançylygyna hem durmuşynyň hiline gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, jogapkärçilikli suwdan peýdalanmak meselelerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kesgitleýän binýat goýujy ölçegler bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň esaslandyrylmagynyň bu ugurda netijeli çäreleriň biri bolup biljekdigini belläp, milli Liderimiz halkara bileleşiginiň hut şeýle hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika meseleleriniň çözgüdini tapmakda toplan tejribesiniň netijeli peýdalanylmagynyň mümkindigine ynamyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebitiň döwletlerine hem-de BMG-niň Müdiriýetine bu meselä düýpli garamak baradaky teklip bilen ýüzlendi.
Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň işi Merkezi Aziýada suw meseleleriniň örän möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu Gaznada başlyklyk edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz öz içine anyk çäreleriň birnäçesini alýan başlyklyk etmegiň Konsepsiýasynyň düzülendigini belledi. Şol çäreleriň hatarynda Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini görkezmek bolar.
Şu ýyl Türkmenistanda bu gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar, biz onuň jemleri boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan anyk çözgütleriň kabul edilmegine garaşýarys. Şunda biz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldawa we ýardam berilmegine bil baglaýarys diýip, türkmen Lideri belledi.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip, durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Maslahatynda Türkmenistanyň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Birleşen Milletler Guramasynyň Aral meseleleri boýunça işiniň ýörite ugruny döretmek barada öňe süren başlangyjyny ýatlatdy.
Aral meselesine indi içerki, sebit meselesi hökmünde garap bolmajakdygy düşnüklidir. Onuň üstünlikli çözgüdini tapmak üçin häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň goldawy, täzeçil toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe BMG-niň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlaryny türkmen tarapynyň teklibini goldamaga hem-de onuň durmuşa geçirilmegine girişmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Biz suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň milli derejede işleriň degişli kadalaryna berk daýanmalydygyndan ugur alýarys. Bular biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-biri bilen berk bagly meselelerdir diýip, milli Liderimiz her bir döwletiň öz ornuna we jogapkärçiligine doly derejede göz ýetirjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan häzirki maslahatyň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri hemmetaraplaýyn goldaýar. Onuň işiniň netijeleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň maksada gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň uzakmöhletleýin ugurlaryny kesgitlemek, bu ugurda sebit we ählumumy meýilnamalary bolan suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary we dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin binýatlaryň birine öwrüljekdigine umyt edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmen tarapynyň öz hyzmatdaşlary bilen hökümet, kanun çykaryjylyk we bilermenler derejesinde özara gatnaşyklara, özara peýdaly tejribeleri alyşmaga, halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Foruma gatnaşyjylaryň hemmesine netijeli işlemegi arzuw etdi.
Halkara maslahatynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejeli wekiliýetleriň baştutanlary “Kohi Somon” Köşgüniň Uly maslahatlar zalyndan çykdylar. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Duşenbä iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Duşenbe şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady. Az salymdan Milli Liderimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda başlanan iş saparynyň çäklerinde Ruhyýet köşgünde ýurdumyzda sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Hususan-da,“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk çärelerine garaldy. Şeýle hem maslahatda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
21-nji iýunda bolsa, hormatly Prezidentimiz nobatdaky ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezinde bina edilen kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda peýda boljak täze ýaşaýyş toplumynyň düzümine her biri 32 öýden ybarat bolan dört gatly öýleriň 17-si, şeýle hem 2 gatly kottej görnüşli ýer bölegi we beýleki hojalyk jaýlary bolan öýleriň 170-si girýär. Dört gatly jaýlarda meýdany 101 we 119 inedördül metre deň bolan 3 otagly öýler ýerleşdiriler. Bäş otagly kottej görnüşli jaýlaryň ýaşaýyş meýdany 250 inedördül metr bolar. Ýaşaýyş toplumynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep, häzirki zaman söwda merkezi, durmuş hyzmatlar öýi bina ediler. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler.
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan şol ýoluň ugrunda bina edilen täze ýaşaýyş toplumy ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly jaýlaryň 22-sinden ybaratdyr. Her bir jaýda 40 öý ýerleşýär. Uly we kiçi maşgalalar üçin niýetlenen 2, 3, 4 otagly ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan guruldy. Bu giň möçberli durmuş maksatly taslamany amala aşyrmaga Lebap welaýatynyň döwlet gurluşyk edaralary hem öz goşantlaryny goşdular.