Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy ku­bo­gy­ny eýe­le­mek ug­run­da­ky du­şu­şyk­da çem­pi­on “Al­tyn asyr” bi­len ýur­du­my­zyň ku­bo­gy­nyň eýe­si “Ahal” to­par­la­ry du­şuş­dy. Paý­tag­ty­myz­da­ky “Kö­pet­dag” sta­dio­nyn­da oý­na­lan bu du­şu­şyk­da tür­ki­ýe­li meş­hur emin Hü­se­ýin Gö­çek jür­le­wük çal­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da ýe­ňi­ji­ni ýe­ke gol kes­git­le­di. Şol ar­zy­ly go­ly hem 75-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan soň, “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň ez­ber oýun­çy­sy Se­lim Nur­my­ra­dow der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Al­tyn asyr” to­pa­ry yz­ly-yzy­na 4-nji ge­zek ýur­du­my­zyň Naý­ba­şy ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. 2 ge­ze­gem fi­nal­da as­gyn ge­len “Al­tyn asyr” to­pa­ry “Bal­kan­dyr” HTTU to­par­la­ryn­dan öňe saý­la­nyp, Naý­ba­şy ku­bo­gy­ny iň köp eýe­län to­par bol­dy.