Aziýanyň çalt depginler bilen ösüp barýan elektron söwda bazaryndan paý almak isleýän “Google” kompaniýasy “JD.com”-da 550 million dollar özleşdirer. Hytaý şereketi bilen gazanylan ylalaşygyň çäklerinde “JD.com”-yň harytlary Aziýanyň daşyndaky bazarlarda hem elýeterli bolar. Köpçülige ýaýradylan beýanatda “Google” tehnologiýasynyň Hytaýyň elektron söwda şereketi “JD.com”-yň şertlerine görä üýtgediljekdigi mälim edildi. “Google”-yň ýolbaşçylary bu ylalaşyk arkaly sarp edijileriň söwda endiklerini bütin dünýäde ösdürmek üçin täze açyşlar etjekdiklerini mälim etdi. “Google” Günorta-Gündogar Aziýadaky sarp edijileriň 2025-nji ýyla çenli internet arkaly 88,1 milliard dollar harçlajakdygyny çaklaýar. “JD.com” “Alibaba”-dan soňra Hytaýyň iň uly bölek elektron söwda kompaniýasydyr.