Kardiologlar balygyň adamyň ýürek-damar ulgamy üçin juda peýdalydygyny öňe sürýärler. ABŞ-nyň Harward uniwersitetiniň hünärmenleri hepdede iki sapar balyk iýmegiň ýürek-damar ulgamyny sazlap, ömrüňi uzaldýandygyny aýdýarlar. Ähli syr Omega – 3 diýlip atlandyrylýan ýagly kislotada jemlenýär. Alymlaryň pikirine görä, adam aşa ýagly etiň deregine balyk iýip, derrew oňaýly netijäni duýýar. Çünki balykdaky ýag kislotalary damarlaryň diwarlaryny has-da çeýeleşdirip, ony ýumşadýar, basyşyň we holesteriniň derejesini peseldýär. Hepdede iki sapar balyk iýlen halatynda bolsa, ýüregiň işemiýa keselini, insulty we infarkty 50 göterime çenli peseldýär.
Gülzada IŞANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.