Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her ädimde görýäris. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen ýörelgeleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgesi üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly täze kitabyny giň okyjylar köpçüligine serpaý etdi. “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene – döwletlilik” diýen dört bölümden ybarat bolan, baş sahabyny käbesi Ogulabat ejäniň nurana keşbi bezeýän bu kitabynda hormatly Prezidentimiz ejesiniň durmuş ýoly barada täsirli gürrüň berýär. Ene mukaddesligini beýan edýän bu kitap bilim işgärleri üçin uly gollanma bolup durýar, çünki ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bu kitabyň ähmiýeti örän uludyr.
Eneler we çagalar barada alada etmek, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen aýal-gyzlarynyň döredijilik we aň-düşünjelerini ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk işler, olaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, çagalaryň döwrebap ösdürilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi we başga-da birnäçe çäreler munuň aýdyň mysalydyr.
Her ýylda däp bolup gelşi ýaly, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Arkadag Prezidentimiziň mähriban zenanlarymyza – köp çagaly enelerimize “Ene mähri” atly hormatly ady dakmak hakyndaky Permany, şeýle hem kärhanalarda we edaralarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlardan, mekdeplerde we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlardan başlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy biz zenanlary diýseň buýsandyrýar. Zenanlar bu günki gün Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine uly goşant goşmak bilen, özleriniň ukyp-başarnyklaryny halal zähmetine siňdirýärler. Türkmenistanly gelin-gyzlar dürli pudaklarda zähmet çekýärler, dünýäde barha rowaçlanýan döwletimiziň üstünliklerine öz goşantlaryny goşmak bilen, işjeňliklerini görkezýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän işlerde mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary diýseň uludyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda gelin-gyzlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly derejede üpjün edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, zenanlarymyzyň asuda ýurdumyzda erkana ýaşamaklary, bilim alyp, hünär öwrenmekleri, işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň ýokarlanmagy, diňe olaryň mümkinçilikleriniň däl, eýsem döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine itergi berýär. Gadymdan galan mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda, ony şu günki günlere ýetirip, ýaş nesillere öwretmekde, kämilleşdirmekde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmaty bimöçberdir. Toýlarymyzy toýa meňzedip, gadymdan gelýän däplerimiz bilen dabaralary many-mazmuna besleýän kümüş saçly enelerimiz baýramlarymyzyň bezegi, öýlerimiziň gelşigidir. Türkmenistanda zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, zehinlerini ýüze çykarmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Enelerimiziň ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekdäki, dürli pudaklarda, edaradyr kärhanalarda zähmet çekip, gazanýan üstünlikleri döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Il içinde hormatly enelerimiziň Ýaşulularyň maslahatlaryna, jemgyýetçilik guramalarynyň işine, dürli terbiýeçilik çärelerine, döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, ýaşlara görelde görkezmekleri ýaşlar üçin hem nusgalyk ýörelgedir.
Ýurdumyzda zenan mertebesiniň şeýle belent tutulmagy bagtyýar durmuşyň berkarar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Bagtyýar durmuşyň bar ýerinde rahatlyk, asudalyk, agzybirlik, döredijilik höküm sürýär. Ýaşaýyş-durmuş maksatly mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi türkmen raýatlarynyň, mertebeli zenan maşgalalaryň başyny göge ýetirýär. Köp çagany ösdürip kemala getirmek, her bir çaganyň durmuşdaky ornuny kesgitlemäge kömek bermek, ilki bilen, ene-atanyň baş wezipesi bolup durýar. Döwletimiziň maşgala bilen bagly meselelerde uly goldawy öz üstüne almagy jemgyýetiň has-da kämilleşmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.
“Sagdyn adam – bu sagdyn maşgaladyr, sagdyn maşgala bolsa, sagdyn jemgyýetiň ülşüdir” diýýän mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän saglyk merkezleriniň, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy klinikalaryň, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň ählisi hem il-günümiz üçin döredilýän oňyn şertleriň we irginsiz aladalaryň aýdyň netijesidir.
Bu günki gün zenanlarymyz asuda durmuşymyzyň hözirini görýärler, işleýärler, döredýärler. Ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Hut şonuň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň durkuna deňelýän enelerimiz, abraý-mertebeli zenanlarymyz, edepli-ekramly uýalarymyz bagtyýarlyk aýdymyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.
Türkmen topragyny ösüşleriň mesgenine öwürýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha berkidýän we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, bagtyýar durmuşyň hem-de döredijilikli ösüşiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň mugallymy.