Ýur­du­my­zyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy, onuň äh­li ba­bat­lar­da ösüş­le­re bes­len­me­gi ug­run­da ta­gal­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň her bir gü­ni, her bir pur­sat­la­ry be­ýik ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça giň göw­rüm­li eser­le­ri dö­red­ýän­di­gi hem­me­le­re mä­lim­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­ha­syn­dan ke­mal ta­pan düýp­li çe­per we yl­my ki­tap­lar dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy. Tä­ze eser­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li gym­mat­lyk­la­ryň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da gö­nü­den-gö­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni­ýet we sun­gat ul­gam­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Go­laý­da Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly tä­ze ki­ta­by giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Bu Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len hep­de­li­ge my­na­syp sow­gat bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­le­ti­mi­ziň köp müň­ýyl­lyk me­de­ni mi­ra­sy­na, döw­le­ti­mi­ziň me­de­ni­ýet ba­bat­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­na ba­gyş­lan aja­ýyp eser­le­ri bu ugur­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Çaý – mel­hem hem yl­ham” , “Ga­da­my bat­ly be­dew”, “Ar­şyň ne­pis­li­gi”, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” yl­my iş­le­ri, “Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy” ýa­ly düýp­li eser­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­ri­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Dür­li ugur­lar bo­ýun­ça düýp­li yl­my iş­le­ri we çe­per eser­le­ri dö­ret­me­gi özü­niň dur­muş ka­da­sy­na öw­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çyk­ýan il­ha­lar eser­le­ri­niň höw­ri köp bol­sun! Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len gym­mat­ly eser­le­ri­niň kä­bi­ri bi­len ta­ny­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

“Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär”
2017-nji ýy­lyň few­ral aýy­nyň 20-si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­la­myn­dan çy­kan eser­de Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki za­man Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne yl­my taý­dan har­by-ta­ry­hy sel­jer­me be­ril­ýär. On­da aw­to­ryň mil­li ýö­rel­ge­ler ba­ra­da­ky düýp­li ga­ra­ýyş­la­ry, ge­ti­ri­len ata­lar söz­le­rin­de, na­kyl­lar­da we pä­him­ler­de bu ug­ra de­giş­li halk pä­him­le­ri­niň top­lu­my be­ýan edil­ýär.

“Mert ýi­git­ler
gaý­rat üçin do­gul­ýar”
Ge­çen ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da okyjylara ýetirilen Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýi­git­ler gaý­rat üçin do­gul­ýar” at­ly ki­ta­by ka­nun­çy­ly­gyň, jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­nyň hem-de hu­kuk ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gin­de örän mö­hüm we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp­dyr. Ki­tap­da döw­let gur­lu­şy­nyň bu mö­hüm eda­ra­sy­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň ta­ry­hy hem-de bu dü­züm­ler­de köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da iş­län we baý tej­ri­be top­lan Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedowyň şah­sy go­şan­dy açy­lyp gör­ke­zil­ýär.

“Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we
gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur”
2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň 28-ine hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ki­ta­byn­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ada­myň hem-de jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän mö­hüm or­ny hem-de äh­mi­ýe­ti açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Çün­ki sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak yn­san­da ru­hu­be­lent­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy we ýeň­şe bo­lan erk-is­le­gi ter­bi­ýe­le­ýär, kä­mil­li­ge ta­rap ýol aç­ýar.

“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek
ýo­lu­nyň ýü­re­gi”
2017-nji ýy­lyň 21-nji okt­ýab­ryn­da elimize gowşan hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­nyň ady­nyň 2018-nji ýy­ly­ň şy­ga­ry hök­mün­de saý­la­nyl­ma­gy ta­ry­hy tej­ri­bä esas­lan­ýan ýa­raş­dy­ry­jy­lyk we goň­şu­çy­lyk däp-des­su­ry, ru­hy mi­ra­sy hor­mat­la­ma­gy, se­bit­de we dün­ýä­de integ­ra­si­ýa we ösü­şe ym­tyl­ma ýur­duň döw­re­bap ösü­şi­niň kon­sep­si­ýa­sy­ny şöh­le­len­dir­ýär. Ki­ta­byň esa­sy ide­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy ýo­lu­nyň üs­ti bi­len onuň baş­lan­gyç­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­li­gi­niň bi­ta­rap hal­ka­ra are­na­syn­da­ky or­nu­na dü­şün­mek­den yba­rat­dyr.

“Enä tag­zym –
mu­kad­des­li­ge tag­zym”
Şu ýy­lyň iýun aýy­nyň 9-yna hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu eser eziz ene­le­ri­mi­zi sar­pa­la­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr. On­da ene mu­kad­des­li­gi, maş­ga­la oja­gy, Wa­tan, türk­men­le­riň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyn­da ke­ma­la ge­len hem-de wa­tan­çy we my­na­syp ra­ýa­ty ter­bi­ýe­le­mä­ge ýar­dam ed­ýän ene-ata bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň çuň­ňur paý­has­ly esas­la­ry ha­kyn­da gür­rüň edil­ýär.