Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men spor­ty özü­niň tä­ze ösüş be­lent­lik­le­ri­ne çyk­dy. Ýur­du­myz iri sport ýa­ryş­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de hem-de gu­rama­çy­lyk­ly gur­na­maga ukyp­ly döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Mu­ňa my­sal edip, ge­çen ýy­lyň güý­zün­de Azi­ýa yk­ly­my­nyň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da köp san­ly iri sport bäs­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da-da iri sport ýa­ryş­la­ry­na yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Sent­ýabr aýyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň hut özü­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ge­çi­ri­ler. Bu ýa­ry­şa uly taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ýa­ry­şyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi üçin “Af­ri­ka Eco Race” ral­li­si­niň ýol­baş­çy­sy Žan-Lui Şles­ser bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk edil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Amul­dan Ha­za­ra uza­ýan hal­ka­ra ýa­ry­şyny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ta­nyş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le çä­re­le­riň bi­ri Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­na­syn­da ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler, Içe­ri iş­ler, Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­lik­le­ri, ýur­du­my­zyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da “Amul-Ha­zar 2018” Hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň (Turk­men De­sert Race) ge­çi­ril­me­gi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­ly­ga ba­gyş­la­nyp, bri­fing ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, şeý­le hem ýur­du­myz­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bri­fing­de oňa gat­na­şy­jy­la­ra hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri, ge­çi­ri­len saý­la­ma tap­gy­ry we öň­de bol­jak ral­li-reý­diň di­ňe aja­ýyp sport wa­ka­sy däl-de, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek hem-de mul­ti­mo­dal ugur­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da iş­jeň sy­ýa­sa­ty­na yg­rar­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler be­ril­di.
Şeý­le­lik­de, bri­fin­ge gat­na­şy­jy­la­ra ha­bar ber­li­şi ýa­ly, ýa­ryş Türk­me­nis­tan­da 2018-nji ýy­lyň 11-15-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da (taý­ýar­lyk gö­rül­ýän gün­ler 9-10-njy sent­ýabr) “Amul-Ha­zar” ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­ler. Ýa­ryş­la­ra ýe­ňil aw­to­mo­bil­ler, ýük aw­to­mo­bil­le­ri we SSV ky­sym­ly kwad­ro­sikl­ler goý­be­ril­ýär. Ma­ra­fo­nyň uzyn­ly­gy 1500 ki­lo­met­re deň bo­lup, ol Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň için­den, şeý­le hem ýur­du­my­zyň beý­le­ki gö­zel ýer­le­rin­den ge­çer. Ýa­ry­şyň pel­le­ha­na­sy Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da jem­le­nip, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ta­mam­la­nar. “Amul-Ha­zar 2018” ral­li­si dür­li halk­la­ryň we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mä­käm­le­ýän hal­ka­ra meý­dan­ça­sy bol­mak bi­len, ol hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan dost­lu­gyň uni­wer­sal di­li bo­lup hyz­mat ed­ýär di­ýip, bri­fing­de bel­le­nil­di.
Da­şa­ry ýurt­ly ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bri­fing­dä­ki çy­kyş­la­ryn­dan “Amul-Ha­zar 2018” ral­li­si bo­ýun­ça jik­me-jik mag­lu­mat­la­ry al­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, so­wal­la­ry ber­mä­ge hem müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Bri­fin­giň ahy­ryn­da Türk­me­nis­tan şeý­le iri sport çä­re­si­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş et­mek bi­len özü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň ta­rap­da­ry we dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne ýe­ne-de bir ge­zek äş­gär et­di.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki iri sport çä­re­le­ri­ni, şol san­da aw­to­mo­bil spor­tun­da ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de üs­tün­lik­li tej­ri­be top­lan ýurt hök­mün­de özü­niň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gö­ter­ýär. Bu tej­ri­be “Amul-Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si ýa­ly döw­let de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan uly tas­la­ma bi­len has-da baý­laş­dy­ry­lar.