Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna hem-de giň okyjylar köpçüligine peşgeş beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby dünýä dillerine terjime edilýär. Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan ähli halklaryň taryhyna, medeniýetine degişli köp sanly maglumatlary jemleýän bu taryhy ylmy eseri türk halkynyň ýakyndan tanyşmagy üçin türk diline terjime edildi. Bu gymmatly eseriň türk diline terjime edilen nusgasy hormatly Prezidentimize Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinow tarapyndan gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň baş sekretary hormatly Prezidentimize milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk diline neşir edilen nusgasyny gowşurdy. Dýusen Kaseinow milli Liderimiziň bu eseriniň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, onda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan ähli halklaryň taryhyna, medeniýetine uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky gatnaşyklar barada durlup geçildi. Bu halkara gurama bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp işler durmuşa geçirildi. Halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly, 2015-nji ýyl bolsa, Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edildi.
Myhman şu ýyl TÜRKSOÝ-yň özüniň 25 ýyllygyny dabaralandyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň işine işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi. Dýusen Kaseinow saz medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň hatyrasyna degişli çäräniň meýilleşdirilýändigini belledi.
Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzda geçirilýän “Ýüpek ýoly – ýürek ýoly” atly teatr festiwaly barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Dýusen Kaseinow türkmen medeniýet işgärleriniň festiwalyň çäklerini giňeldip, diňe bir türki dilli döwletleriň däl, eýsem, Ýewraziýa giňişliginiň ýurtlarynyň sungat ussatlary bilen bilelikde baý medeni mirasy mundan beýläk-de wagyz etjekdiklerine ynam bildirdi.