2018-nji ýy­lyň 1-7-nji iýu­ly ara­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň teatr­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Ýü­pek ýo­ly — ýü­rek ýo­ly” at­ly fes­ti­wal ge­çi­ril­di. Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bu çä­rä gat­naş­mak üçin äh­li we­la­ýat­lar­dan teatr iş­gär­le­ri bir hep­de­lik paý­tag­ty­my­za gel­di­ler. “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän bu fes­ti­wal aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Bir hep­dä­niň do­wa­myn­da paý­tag­ty­myz­da­ky teatr­lar­da köp san­ly gy­zyk­ly sah­na oýun­la­ry gör­ke­zil­di.
Bu sah­na oýun­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti giň­den açy­lyp gör­ke­zil­di. Asyl­ly dä­be gö­rä, fes­ti­wa­la ga­bat­la­nyp, sah­na oýun­la­ry­nyň il­kin­ji gör­ke­zi­liş­le­ri taý­ýar­la­nyl­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty”, “Amul – Ha­zar ara­sy”, “Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi”, “Gün­do­gar ýyl­dy­zy”, “Ker­wen­ba­şy­nyň og­ly”, “Gür­genç kys­sa­la­ry”, “Da­ýa­ha­tyn”, “Ýü­pek ýo­ly – ýü­rek ýo­ly”, “Ýü­pek ro­wa­ýa­ty”, “Ýü­rek­le­re ýol­lar”, “Söý­gi um­ma­nyn­da kü­rek­siz” at­ly teatr oýun­la­ry bar.
Şu ge­zek­ki fes­ti­wal mil­li teatr sun­ga­ty­na tä­ze öwüş­gin­le­ri çaý­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ese­rin­dä­ki ro­wa­ýat­la­ry­nyň bi­ri esa­syn­da “Amul – Ha­zar ara­sy” at­ly teatr­laş­dy­ry­lan oý­ny Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky milli saz­ly dra­ma te­at­ryn­da halk köp­çü­li­gi­ne gör­ke­zil­di. Alp Ars­lan adyn­da­ky milli dra­ma te­at­ryn­da gör­ke­zi­len “Gün­do­gar ýyl­dy­zy” oý­ny teatr muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Da­şog­zuň N.An­da­lyp adyn­da­ky döwlet saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri “Ür­gen­jiň pro­za­sy” sah­ny oý­nu­ny hö­dür­le­di.