Russiýada dowam edýän futbol boýunça XXI Dünýä Kubogynda çärýek finalyň duşuşyklary oýnalar. Çärýek finalda Urugwaý–Fransiýa, Braziliýa–Belgiýa, Şwesiýa–Angliýa hem-de Russiýa–Horwatiýa duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklaryň ýeňijileri-de 10–11-nji iýulda ýarym finalda duşuşar.
Çärýek finalda Urugwaý–Fransiýa, Braziliýa–Belgiýa, Şwesiýa–Angliýa, Russiýa–Horwatiýa duşuşyklary geçiriler. Iň gowy 8 ýygyndynyň 4-si ozal çempionlyk gazanan ýygyndylardyr. “B” hem-de “H” toparçadan ýeke topar hem çärýek finala çykyp bilmän, olaryň ornuna “A” hem-de “G” toparçanyň wekilleri ýaryşy dowam etdirýärler.
Urugwaý bilen Fransiýa mundan ozal, 7 gezek özara duşuşyk geçirdi. Şolaryň 2-sinde Urugwaý, 1-inde Fransiýa ýeňiş gazanan bolsa, 4 duşuşykda-da hasap açylmady.
Braziliýa bilen Belgiýanyň öňki özara geçiren 4 duşuşygynyň 3-sinde sambaçylar, 1-inde-de Belgiýa ýeňiş gazandy.
Şwesiýa bilen Angliýa ozal 24 gezek duşuşdy. Şolarda iňlisler 8, şwedlerem 7 gezek ýeňiş gazandy. 9 oýunda-da deňme-deňlik hasaba alyndy.
Ýer eýesi Russiýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylarynyň çarýek finaldaky oýny olaryň özara 4-nji duşuşygy bolar.