Dün­ýä­niň iň iri uçar gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy “Boeing” tä­ze uçar tas­la­ma­sy bi­len ho­wa gat­naw­la­ry bo­ýun­ça tä­ze döw­rüň baş­lan­ma­gy­na şert dö­re­der. Kom­pa­ni­ýa­nyň üs­tün­de iş­le­ýän tä­ze ýo­lag­çy uça­ry­nyň tiz­li­gi­niň se­siň tiz­li­gin­den 5 es­se ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Gi­per­ses­den ýyn­dam uça­ryň kon­sep­ti ABŞ-nyň At­lan­ta şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ae­ro­naw­ti­ka we ast­ro­naw­ti­ka bo­ýun­ça ame­ri­kan ins­ti­tu­ty­nyň mas­la­ha­tyn­da köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Awia­si­ýa teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýän ägirt uly kom­pa­ni­ýa­nyň gi­per­ses­den ýyn­dam uça­ry sa­gat­da 6 müň 100 ki­lo­metr­lik tiz­li­gi bi­len dün­ýä­niň is­len­dik no­ka­dy­na 1 ýa-da 3 sa­gat ara­ly­gyn­da äkit­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le­lik­de, ABŞ-nyň Nýu Ýork şä­he­ri bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Lon­don şä­he­ri­niň ara­syn­da­ky gat­naw wag­ty 2 sa­gat­dan köp wag­ta çek­me­z. De­ňeş­dir­mek üçin aý­dy­lan­da, hä­zir­ki wagt­da bu ara­lyk 7 sa­gat­da ge­çil­ýär. Tä­ze uçar um­ma­nyň aňyr­syn­da­ky Ame­ri­ka iş sa­pa­ry­na bir gün­de ba­ryp hem yzy­ňa do­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­jak uçar 32 ýo­lag­ça ni­ýet­le­ner. Kom­pa­ni­ýa­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, hä­zir­lik­çe bu kon­sept iş­le­nip dü­zül­ýär, tas­la­ma­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri köp san­ly teh­ni­ki we­zi­pe­le­ri çöz­mek­den yba­rat­dyr. “Boeing”-iň met­bu­gat sek­re­ta­ry Brian­na Jek­so­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, tas­la­ma ýe­ne-de 20 ýa-da 30 ýyl­dan ha­ky­ka­ta öw­rü­ler. Bu tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len ha­la­tyn­da ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­sy ta­ryh­da iň ýyn­dam howa ulag se­riş­de­le­ri­ne eýe bo­lan şe­re­ket­le­riň bi­ri bo­lar. Tä­ze uçar 9-12 müň metr be­lent­lik­de uç­ýan ada­ty uçar­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, 27-28 müň metr be­ýik­lik­den uçar.