Ka­na­da­nyň Guelf uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri en­dok­rin we ýü­rek-da­mar ul­gam­la­ry­nyň işi­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän önüm­le­riň sel­jer­me iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Alym­lar bu ba­bat­da ýa­şyl we gy­zyl mer­ji­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Ola­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu önüm ba­ra­syn­da dia­bet we gi­per­to­nik ke­sel­li adam­lar bi­len iş­leş­ýän luk­man­la­ra hem mas­la­hat be­ril­di.
Bu ugur­da uly ýaş­ly ada­mlaryň gat­naş­ma­gyn­da yl­my sel­jer­me işi ge­çi­ril­di. Meý­le­tin­çi­le­re iki dür­li ýag­daý­da iý­mit­len­mek tek­lip edil­di. Bi­rin­ji ýag­daý­da, ýeral­ma we tü­wi iý­mek mas­la­hat be­ril­di, ikin­ji ýag­daý­da ýeral­ma we tü­wi­ni ýa­şyl hem-de gy­zyl mer­ji­mek bi­len iý­mek tek­lip edil­di. Na­har­dan iki sa­gat öň we soň­ra meý­le­tin­çi­le­riň ga­nyn­da­ky süý­jü­lik de­re­je­si we gan ba­sy­şy bar­lan­dy.
Tü­wi­ni mer­ji­mek bi­len bi­le­lik­de peý­da­la­nan meý­le­tin­çi­le­riň ga­nyn­da­ky süý­jü­lik de­re­je­si beý­le­ki­le­re ga­ra­nyň­da, 20 gö­te­rim pes bol­dy. Mer­ji­mek we ýeral­ma­nyň ga­ryn­dy­sy­nyň gör­ke­zi­ji­si bol­sa, di­ňe ýeral­ma­dan taý­ýar­la­nan ta­ga­ma gö­rä, 35 gö­te­rim aşak bol­dy. Şeýle hem mer­ji­mek­li ta­gam­la­ryň gan­da­ky ho­lest­ri­niň gör­ke­zi­ji­si­niň azal­ma­gy­na hem-de gan ba­sy­şy­nyň ka­da­laş­ma­gy­na öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­ren­di­gi mä­lim edil­di. Bu sel­jer­me­de ga­za­ny­lan oňyn ne­ti­je­ler mer­ji­me­giň dü­zü­min­dä­ki wi­ta­minleriň we mik­roe­le­ment­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny gör­kez­di.