Ko­fe­niň dü­zü­min­dä­ki ko­fei­niň köp san­ly oňyn tä­sir­le­ri­niň bar­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. ABŞ-nyň alym­lar to­pa­ry ko­fe­niň peý­da­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ýe­ne-de bi­ri­niň üs­tü­ni aç­dy­lar. Bu iç­gi­niň to­par­la­ýyn işiň ne­ti­je­li bol­ma­gy­na hem-de adam­la­ryň has üns­li bol­ma­gy­na öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da “The In­di­an Express” ne­şi­ri­niň ma­ka­la­syn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
ABŞ-nyň Oga­ýo uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri to­par­la­ýyn iş­de we to­par­da bel­li bir ka­ra­ra gel­mek­de ko­fe­niň tä­si­ri ba­ra­syn­da yl­my iş alyp bar­dy. Olar 100-den gow­rak ta­ly­byň gat­naş­ma­gyn­da 2 dür­li sy­nag işi­ni ge­çir­di. Bi­rin­ji sy­nag­da, ta­lyp­la­ra öz egin­deş­le­ri­ne ba­ha ber­mek tek­lip edil­di. Sy­na­ga gat­naş­maz­dan ozal, ko­fe içen ta­lyp­lar beý­le­ki­le­re ga­ra­nyň­da, öz deň-duş­la­ry ba­ra­da go­wy pi­kir­le­ri or­ta at­dy­lar.
Ikin­ji sy­nag­da, ta­lyp­lar iki to­pa­ra bö­lün­di. Bi­rin­ji to­pa­ryň meý­le­tin­çi­le­ri­ne ko­fe­in­li ko­fe, beý­le­ki ta­lyp­la­ra bol­sa, ko­fe­in­siz ko­fe hö­dür­le­di­ler. Ko­fe­in­li ko­fe içen ta­lyp­lar beý­le­ki­le­re se­re­de­niň­de, öz to­par­daş­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler we has üns­li çe­me­leş­di­ler. Şeý­le­lik­de, hü­när­men­ler ko­fe­niň to­par­la­ýyn ru­huň gö­te­ril­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar.

Baýrammyrat ALTYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.