24-nji iýundan 4-nji iýul aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetiniň maslahatynda bütindünýä mirasynyň sanawyna Keniýadan, Omandan, Saud Arabystanyndan, Germaniýadan, Türkiýeden, Kanadadan we Kolumbiýadan täze desgalar girizildi.
“Thimliç Ohing” (Keniýa) diýlip atlandyrylýan arheologik desga Migori şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky Wiktoriýa kölüniň kenarynda ýerleşip, daşdan gurlan bu desga XVI asyra degişli hasaplanýar.
Gadymy Kalhat (Oman) şäheri Oman aýlagynyň gündogar kenarlarynda ýerleşýär. Bu şäheriň töweregi gala bilen gurşalyp, daşyndaky aramgähleri bilen tapawutlanýar. Kalhat Arap ýarym adasynyň gündogar kenarlarynyň, Gündogar Afrikanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Gündogar Aziýanyň ýaşaýjylarynyň söwda ýollarynyň ugrunda özboluşly arheologik subutnama bolup durýar.
Al-Ahsa jülgesi (Saud Arabystany) Arap ýarym adasynyň gündogar kenarlarynda ýerleşýän desgadyr. Ol birnäçe bagdan, kanallardan, çeşmelerden, zeý suwlaryny ýygnaýan kölden we taryhy binalardan ybaratdyr. Bu dünýäniň iň uly jülgesi bolup, ol ýerde 2,5 million palma agajy ösýär.
Şeýle hem neolit döwrüne degişli hasaplanýan Göbekli depe (Türkiýe), 1028-nji ýylda gurluşygyna girişilen Naumber kafedral sobory (Germaniýa), Pimaçiowin Aki (“Durmuş bagyşlaýan ýer”) (Kanada), Çiribiketeniň milli seýilgähi (“Urugbaşy Ýaguaryň süýdi”) (Kolumbiýa) ýaly täsin desgalar we ýerler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.