Teh­no­lo­gi­ýa­nyň önü­mi ha­saplanýan hem bolsa, doň­dur­ma as­lyn­da, has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri iň ha­la­nyp iýil­ýän dat­ly ta­gam­la­ryň bi­ri­dir. Ga­dy­my dö­wür­ler­de Hy­taý­da, Rim­de we Mü­sür­de bu iý­mi­tiň bar­dy­gy aý­dyl­ýan hem bol­sa, hä­zir­ki­le­re meň­zeş doň­dur­ma­nyň Eý­ran­da taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Ir­ki dö­wür­ler­de dag­la­ryň ýap­gyt­la­ryn­da çu­kur ga­zyp, ony gar bi­len dol­dur­ýan eken­ler. De­pä­niň gu­zaý ta­ra­pyn­da gu­rul­ýan ýah­dan­lar to­mus pas­lyn­da adam­la­ra so­wa­dy­jy hök­mün­de hyz­mat edip­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, şeý­le des­ga­la­ryň bi­ziň ýur­du­myz­da hem hä­zir­ki gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Il­kin­ji doň­dur­ma­lar hem ýah­dan­da­ky buza süýt, gaý­mak, bal, şer­bet, dür­li ys­ly ot­lar se­pi­lip, bir­nä­çe wagt sak­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de taý­ýar­la­nyp­dyr. Ga­dy­my Gre­si­ýa­da Afi­ny­da buz kä­se­le­ri­niň için­de mi­we­den taý­ýar­la­nan so­wuk ta­ga­myň sa­ty­lan­dy­gy, Azi­ýa ýurt­la­ryn­da süýt­den we bal­dan taý­ýar­la­nan so­wuk süý­jü­li­giň bo­lan­dy­gy, Rim im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de gurp­ly maş­ga­la­la­ryň gar­dan we buz­dan taý­ýar­la­nan süý­jü­li­gi iýen­di­gi bel­le­nil­ýär.
Ital­ýan ja­han­keş­de­si Mar­ko Po­lo 1292-nji ýyl­da Uzak Gün­do­gar ýurt­la­ryn­dan gaý­dyp ge­len­soň, şol ýer­de öw­re­nen do­ňan bal­dan, süýt­den we gaý­mak­dan taý­ýar­la­nan süý­jü­li­giň We­ne­si­ýa we De­mir­ga­zyk Ita­li­ýa­ ýaý­ra­ma­gy­na go­şant go­şup­dyr.
Hä­zir­ki­le­re meň­zeş doň­dur­ma­lar Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da XVII asyr­da peý­da bo­lup baş­la­ýar. Bu usul­da gaý­mak bi­len ba­la şo­ko­lad ýa-da ül­je go­şu­lyp taý­ýar­la­nyp­dyr. Onuň so­wuk bol­ma­gy üçin gar ýa-da buz go­şup­dyr­lar. Şol ýyl­lar doň­dur­ma taý­ýar­lan­ýan bed­re gör­nüş­li gu­ty ýa­sa­lyp­dyr. Onuň içi­ne ge­rek­li zat­lar go­şu­lyp, en­di­gan ga­ry­lyp­dyr.
1850-nji ýyl­lar­dan baş­lap, doň­dur­ma­lar teh­nikanyň ös­me­gi­niň ha­sa­by­na uly muk­dar­da ön­dü­ri­lip ugral­ýar. So­wa­dy­jy­ly ulag­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len bu önüm gün­de­lik dur­muş­da has giň­den ýaý­ra­ýar.
Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da gap­la­nan taý­ýar doň­dur­ma­lar barha ýaý­baň­la­n­ýar. Şol ýyl­lar­dan baş­lap, bu dat­ly önüm di­ňe aý­ra­tyn­lyk­da sa­tyl­man, res­to­ran­la­ryň ta­gam­na­ma­la­ryn­da hem öz my­na­syp or­nu­ny al­ýar.
Ys­sy ho­wa­da iýil­me­gi ha­lan­ýan hem bol­sa, doň­dur­ma sarp et­mek­de De­mir­ga­zyk­daky has so­wuk ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Her ýyl­da adam ba­şy­na doň­dur­ma sarp et­mek­de Şwe­si­ýa (10 l), Finl­ýan­di­ýa we Nor­we­gi­ýa (9 l), Da­ni­ýa (8 l) öň­de­li­gi elden giderenok.
Fran­suz hi­mi­gi Ni­ko­la Le­me­ri­niň 1674-nji ýyl­da­ky ki­ta­byn­da doň­dur­ma­nyň taý­ýar­la­ny­şy il­kin­ji ge­zek dü­şün­di­ril­ýär.
1774-nji ýy­lyň maý aýyn­da “New York Ga­zet­te” ne­şi­rin­de çap edi­len bil­di­riş­de beý­le­ki önüm­ler bi­len bir ha­tar­da, doň­dur­ma­nyň köp­çü­lik­le­ýin ma­ha­ba­ty edil­ýär. Ki­çi göw­rüm­li bil­di­riş­de Fi­lip­po Len­zi­niň Lon­don­dan go­laý­da ge­len­di­gi we mü­rep­bä­niň, süý­ji önüm­le­ri­niň we doň­dur­ma­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­jek­di­gi we onuň sa­tu­wy­ny ýo­la goý­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Teh­ni­ka­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de bol­sa, doň­dur­ma taý­ýar­la­ma­gyň has döw­re­bap usul­la­ry iş­le­nip dü­zü­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýö­ri­te kär­ha­na­lar­da öndürilýän doň­dur­ma­lar söw­da no­kat­la­ryn­da so­wa­dy­jy­lar­da sa­tyl­ýan bol­sa, ki­çeň­räk en­jam­la­rda taý­ýar­la­nýan doň­dur­ma­lar hem müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrýar.