“G” to­par­ça­da çy­kyş eden Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3 oýun­da di­ňe şwed­le­ri 2–1 ha­sa­byn­da utup­dy. Ne­mes­le­riň ga­za­nan bu ýeň­şi ola­ryň ýa­ry­şy do­wam et­dir­me­gi­ne ýe­ter­lik bol­ma­dy. Mek­si­ka­dan 1–0, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan hem 2–0 utu­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 80 ýyl­dan soň, ýag­ny 1938-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ýo­la 2-nji tap­gy­ra çy­kyp bil­me­di. Şeý­le-de Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on­lyk ga­za­nan çem­pio­nat­la­ryn­dan soň­ky ýa­ryş­da to­par­ça­dan çy­kyp bil­me­dik to­par­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 1938-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan Ita­li­ýa 1950-nji ýyl­da, 1962-nji ýyl­da ku­bo­gy eýe­län Bra­zi­li­ýa 1966-njy ýyl­da no­bat­da­ky tap­gy­ra çy­kyp bil­män­di. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa bu ýag­daý yzy­gi­der­li do­wam ed­ýär. 1998-nji ýy­lyň çem­pio­ny Fran­si­ýa 2002-nji ýylda gol hem ge­çi­rip bil­män­di. 2006-njy ýy­lyň ýe­ňi­ji­si Ita­li­ýa 2010-njy ýyl­da, şol ýy­lyň çem­pio­ny Is­pa­ni­ýa 2014-nji ýyl­da to­par­ça­lar­da-da ju­da şow­suz çykyş etdi.