Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda täze ösüşleriň ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan sportuň we döredijiligiň mekany hökmünde dünýädäki abraýyny barha belende galdyrýar. Döwletimiz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Sport, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky sazlaşyk ýurdumyzda täze mümkinçilikleri açýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň milli medeniýetiniň, gadymy taryhynyň we mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrylmagyna hem uly goşant goşar.
Türkmen sportuny hem-de milli medeniýetimizi ýokary derejelere çykarýan hormatly Prezidentimiziň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zähmet rugsadynda bolan döwründe öz boş wagtyny döwlet işleri bilen utgaşdyryp, ähli wagtyny halkymyz, sport, ýaşlar, ýurdumyzyň geljegi hakynda aladalara bagyşlady.
AWAZA – DÖREDIJILIK MEKANY
Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň dowamyny işledi we aýdym-saz döredijiligi bilen meşgullandy.
Türkmenleriň baý maddy we ruhy mirasy, şöhratly geçmişi dörediji adama täze eserleri ýazmaga ylham berýär diýip, milli Liderimiz taryh, milli medeniýet, eziz Watanymyzyň tebigatynyň aýratynlyklary baradaky kitabyň üstünde işledi.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl ýazan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli işi ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna, özboluşly däp-dessurlara, bu halkara ýolunyň ugrundaky şäherleriň taryhyna bagyşlanandyr. Daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilen bu eser köp sanly daşary ýurt okyjylary üçin hem elýeterli boldy.
Milli Liderimiziň nobatdaky eseri dürli çeşmelere, ozaly bilen bolsa, biziň günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly taryhy maglumatlara hem-de dokumental çeşmelere esaslanýar we “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň dowamy bolup durýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dynç günlerini agtyklary bilen geçirip, olary döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga höweslendirýär. Ähli babatda atasynyň göreldesine eýerýän Kerimguly boş wagtyny sport we saz sungaty bilen meşgullanmaga sarp edýär. Ýetginjek uly ylham bilen “Sportly Türkmenistan” atly goşga saz ýazdy.
Hormatly Prezidentimiz gitarada ussatlarça sazandalyk eden agtygy Kerimguly bilen saz eseriniň üstünde işlemegini tamamlap, türkmen we iňlis dillerinde öňde boljak “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportunyň gazananlaryna, tebigatymyzyň täsin gözelligine bagyşlanan “Sportly Türkmenistan” atly täze aýdymy ýerine ýetirdiler. Häzirki döwrüň äheňinde döredilen bu aýdym Hazaryň ajaýyp kenarynda belent ylham bilen ýaňlandy.
AMULDAN HAZARA
UZAÝAN ÝÜPEK ÝOLY
Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolan hormatly Prezidentimiz “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, öňde boljak ýaryşlaryň halkara ähmiýetini belledi. “Amul – Hazar 2018” awtorallisi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm, taryhy waka bolmak bilen, dünýä giňişliginde ata Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ralliniň ugurlary şekillendirilen kartanyň kömegi bilen ýoluň aýratynlyklary we has çylşyrymly bölekleri barada gürrüň berdi, sebitleriň her birinde ýaryşyň tapgyrlarynyň tebigy özboluşlylygyny belledi.
Žurnalistleriň sowallaryna jogap beren Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz geljekde hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanarys. Biziň sport babatda gazanýan üstünliklerimiz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz munuň şaýatlary bolup durýarys. Türkmenler dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli halkdyr, munuň şeýledigini ähli yklymlarda bilýärler.
Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň “Amul – Hazar 2018” awtorallisiniň halkara ähmiýeti barada gozgan sowalyna şeýle jogap berdi. Hormatly Prezidentimiz öňde boljak ralliniň beýleki halkara ýaryşlaryndan, şol sanda Dakar tapgyryndan tapawudy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň, ilki bilen, “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de ekologiýa ugruna ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy, şol sanda ony senagatlaşdyrmak meýilnamalary hut şonuň bilen gös-göni bagly bolup durýar. Sintetiki benzini – ekologiýanyň nukdaýnazaryndan örän arassa ýangyjy çykarýan täze zawody gurmagyň taslamasy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksadyny gazanmaga gönükdirilendir.
Häzir elektronika hem uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçin elektromobilleriň gurakçylyk şertlerinde, aýratyn-da, Türkmenistanyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, özlerini alyp barşyny synamak üçin wagt gerek bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, degişli ylmy-tehnologik barlaglary geçirmegiň zerurdygy barada ençeme gezek aýdyldy, şolaryň netijelerini biz ýurdumyzyň şertlerinde iş ýüzünde ulanyp bilerdik. Hormatly Prezidentimiz geljegiň ekologiýa gös-göni baglydygyny nygtap, “Amul – Hazar 2018” rallisiniň hut şu nukdaýnazardan geçirilmeginiň ekologiýa ýagdaýynyň hemme çäreler, şol sanda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlary bilen hem möhüm arabaglanyşygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Umuman, öňde boljak ýaryşlaryň eko-ralli-reýd diýlip atlandyrylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar.
MILLI LIDERIMIZ TÜRGENLERIMIZE
ŞAHSY GÖRELDE GÖRKEZÝÄR
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşandan soňra, milli Liderimiz ýaryş ulagyna münüp, ýaryşa taýýarlyk gördi. Hormatly Prezidentimiziň bat almazdan öň, Türkmenistanyň IIM-niň awtoulaglar merkeziniň sürüjisini öňe geçirendigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny ýokary tizlik bilen ussatlarça dolandyryp, pellehana birinji bolup geldi hem-de bu ýerde birnäçe aýlaw etdi. Bu ýerde milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 18 kilometr aralygy 14 minut 30 sekuntda geçen hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagyndan düşüp, ýoluň özboluşlylygyna ýene bir gezek ünsi çekdi, munuň özi ýoluň geçýän çäginiň tebigy aýratynlyklary, şol sanda Garagum çöli bilen şertlendirilendir. Bu bolsa, ýoluň ol ýa beýleki tapgyrlarynda çylşyrymlylygyň dürli derejesini döredýär, munuň özi sürüjilerden ýokary ussatlygy hem-de ýaryşlara toplumlaýyn taýýarlygy talap edýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda awtomobil ýaryşlarynyň badalga meýdançasynda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýoluň başlangyç böleginde synag tapgyryny geçdi hem-de onuň tebigy päsgelçiliklerinden ussatlarça geçmegi başardy. Maý aýynda bolsa, döwlet Baştutanymyz saýlama ýaryşlaryna gatnaşdy, şonda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistana wekilçilik etjek toparlar kesgitlenildi. Milli Liderimiz olara ak pata bermek bilen çäklenmän, eýsem, sport awtoulagyny dolandyrmakda nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri birleşdirýän iri abraýly ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Elbetde, häzir eýýämden “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekmek bilen, milli sporty ösdürmäge täze itergi berip, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň, sport döwleti hökmünde abraýynyň artmagyna ýardam eder.
Şu ýerde milli Liderimiz “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralan sergi bilen tanyşdy. Bu ýerde içeri işler ministri I.Mulikow degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Sergide mahabat bannerleriniň we pannolaryň görnüşleri, ýaryşlaryň nyşanlary, türgenleriň, meýletinçileriň hem-de hyzmat edýän işgärleriň egin-eşikleriniň nusgalary, dürli sowgatlyk we ýadygärlik önümleri, ýurdumyzyň dokmaçylarynyň taýýarlan dürli görnüşli dokma önümleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyza Türkmenabat şäherinde awtoralliniň badalga alýan ýeriniň çyzgylary, sport ýaryş awtoulaglarynyň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän, dürli ulaglar şekillendirilen plakatlar görkezildi.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu çärä taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen bagly bolan ähli meselelere örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, bu halkara ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak, şanly waka bolmagy üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi.
* * *
Döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Hazar deňziniň giňişlikleri boýunça “Galkynyş” atly häzirki zaman gämisinde gezelenç etdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Mundan başga-da, dynç alyş zolagynyň amatly ekologiýa ýagdaýyny hem-de ajaýyp tebigy şertlerini – arassa howasyny, altynsow çägeli kenaryny, deňizde suwa düşülmegini we Gün wannasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Hazaryň ajaýyp görnüşi has-da ruhlandyryp, asyl bolşy üýtgemedik gözelligi bilen akylyňy haýran edýär. Bularyň hemmesi ajaýyp dynç alynmagyny kepillendirýär, ruhubelentligiňi artdyrýar, gowy duýgularyň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýär. Her ýyl bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanlary dynç almaga gelýärler. Amatly şertleriň, ýokary hilli hyzmatlaryň we medeniýetli dynç almagyň bu ýerde diňe tomusda däl-de, eýsem, “mahmal möwsümi” diýlip atlandyrylýan döwürde, umuman, tutuş ýylyň dowamynda kepillendirilýändigini bellemek gerek.