Hy­taý­ly fer­mer tä­sin kä­di­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di. Umu­man, kä­di iň köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bak­ja ekinleriniň bi­ri­dir. Bu ge­zek ösdürilip ýetişdirilen bak­ja önü­mi­niň haý­ran gal­dyr­ýan ta­ra­py onuň ag­ra­my. 500 ki­log­ram ag­ra­myn­da­ky kä­di hem­me­le­riň ün­sü­ni özüne çek­se ge­rek. Ony ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek Hy­ta­ýyň Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň fer­me­ri­niň pa­ýy­na düş­di. Ýur­duň ýer­li met­bu­ga­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, hy­taý­ly fer­mer şeý­le ulu­lyk­da­ky kä­di­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ne ýetip bilmedi. 2016-njy ýyl­da ha­sa­ba al­nan dün­ýä re­kor­dy­na gö­rä, bel­gi­ýa­ly Ma­ti­as Wil­mi­niýns 1200 ki­log­ram ag­ra­myn­da kä­di ýe­tiş­di­rip­di. Ol 2017-nji ýyl­da 1008 ki­log­ram ag­ra­myn­da baş­ga bir kä­di ön­dür­di. Şon­da sa­tyn aly­jy kä­di­niň bir çi­gi­di üçin 1500 ýew­ro tö­läp­di.