Ýew­ro­pa­nyň iň gar­ry ze­nan ýa­şaý­jy­sy 116 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ol Ita­li­ýa­da ýa­şa­ýar­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň “An­sa” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Ju­zep­pi­na Proet­to-Frau şu ýy­lyň 6-njy iýu­lyn­da Flo­ren­si­ýa şäheriniň Mon­te­lu­po-Fo­ren­ti­no ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da ara­dan çyk­dy. Ol 116 ýyl 37 gün ýa­şa­dy. Proet­to-Frau di­ňe Ita­li­ýa­nyň iň uzak ýa­şan ýa­şaý­jy­sy bolman, eý­sem, dün­ýä­niň hem 117 ýa­şyn­da­ky ýa­po­ni­ýa­ly Ti­ýe Mi­ýa­ko­dan soň­ky ikin­ji iň gar­ry ze­nan maş­ga­la­sy­dy.
Ju­zep­pi­na Proet­to-Frau 1902-nji ýy­lyň 30-njy ma­ýyn­da dün­ýä inip­dir. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, bir gün hem şo­ko­lad iý­män oňup bil­män­dir. Mon­te­lu­po-Fo­ren­ti­no ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň me­ri Pao­lo Ma­set­ti her ýyl Ju­zep­pi­na­ny dog­lan gü­ni bi­len gut­la­ýan eken.
Ju­zep­pi­na 2017-nji ýy­lyň 15-nji de­kab­ryn­da is­pa­ni­ýa­ly 116 ýaş­ly We­la Ru­bio ara­dan çy­kan­dan soň­ra, Ýew­ro­pa­nyň iň gar­ry ýa­şaý­jy­sy bo­lup­dy. Şeý­le hem ol 2018-nji ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ta­ryh­da ýa­şap ge­çen iň gar­ry adam­la­ryň sa­na­wyn­da 20-li­ge (18-nji orun) gir­me­gi ba­şar­dy.
Şu ýy­lyň maý aýyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň iň gar­ry ýa­şaý­jy­sy Bes­si Kamm 113 ýa­şyn­da ara­dan çy­kyp­dy. Ol 1904-nji ýyl­da dün­ýä inip­di we ýa­şan döw­rün­de 5 bri­tan pa­ty­şa­ly­gy tag­ta çy­kyp­dy.