Russiýada geçirilýän futbol boýunça XXI Dünýä Kubogy ertirki final duşuşygy bilen tamamlanar. 31 günläp dowam eden bu ýaryşyň finalynda Ýewropanyň 2 wekili — Fransiýa bilen Horwatiýa duşuşar. Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanjak duşuşyk Moskwadaky “Lužniki” stadionynda oýnalar. Oýna argentinaly Nestor Pitana eminlik eder. Mälim bolşy ýaly, ol çempionatyň açylyş duşuşygynda jürlewük çalypdy. Pitana Dünýä çempionatynda açylyş hem-de final oýunlaryna eminlik eden ilkinji emin bolar. Galyberse-de, Pitana Dünýä çempionatlarynyň finalynda Horasio Elizondodan soň (Italiýa—Fransiýa, 2006) eminlik etjek 2-nji argentinalydyr.
Fransiýa bilen Horwatiýanyň ýygyndysy mundan ozal, özara 5 duşuşyk geçirdi. Şolaryň hiç birinde-de fransuzlar garşydaşlaryndan utulmady. Iki toparyň ilkinji duşuşygy 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatda bolupdy. Şonda ýarym finalda “Sen Deni” stadionynda Fransiýa 2–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, taryhynda ilkinji gezek finala çykypdy. Fransuzlara ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem 46-njy we 69-njy minutlarda goragçy Lilian Turam, horwatlaryň pökgüsini-de 46-njy minutda häzirki wagtda ýurduň futbol federasiýasynyň başlygy Dawor Şuker derwezä girizipdi. Iki topar şondan soňam 4 oýun geçirdi. Fransuzlar ýoldaşlyk duşuşyklarynda 3–0 we 2–0 ýeňiş gazanan bolsa, 2004-nji ýylda Ýewropa çempionatyndaky oýunda-da deňme-deň oýnady (2–2). Olaryň 2011-nji ýylda geçiren soňky duşuşygynda-da hasap açylmady.
FRANSIÝA IKINJI,
HORWATIÝA ILKINJI
ÇEMPIONLYGYNA YMTYLÝAR
Fransiýa 3-nji, Horwatiýa 1-nji gezek finalda çykyş eder. Fransuzlaryň 1 çempionlygy hem-de 1 kümüş medaly bar. Finala çykan 13-nji ýygyndy bolan Horwatiýa çempionlyk gazanaýsa, 8 ýyldan soň, çempionlaryň hataryna täze ýeňiji goşular. Şeýle-de Horwatiýa kubogy eýelese, onda olar Urugwaýdan soň, iň az ilatly çempion bolan 2-nji ýygyndy bolar. Eger-de Fransiýa ýeňiş gazansa, bu olaryň 2-nji ýeňşi bolup, Urugwaýdyr Argentinanyň hataryna goşular.
Ýewropalylaryň yzly-yzyna
4-nji çempionlygy bolar
Galyberse-de, Dünýä Kubogyny yzly-yzyna 4-nji gezek Ýewropanyň wekili eýelär (2006, 2010, 2014, 2018). Mundan öň kubogy Ýewropanyň hem-de Günorta Amerikanyň wekilleri gezekleşip gazanýardy. Diňe 1934–1938-nji ýyllarda Ýewropadan Italiýa, 1958–1962-nji ýyllarda-da Günorta Amerikadan Braziliýa kubogy yzly-yzyna gazanypdy. 2006-njy ýyldan bäri-de kubogy Ýewropanyň futboldaky öňdebaryjy ýurtlary gazanyp gelýär (Italiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Fransiýa/Horwatiýa).
Ýewropalylaryň 9-njy finalY
Dünýä çempionatynyň taryhynda finalda 9-njy gezek Ýewropanyň 2 wekili güýç synanyşar. Mundan ozal 1934-nji (Italiýa–Çehoslowakiýa: 2–1 g.w.), 1938-nji (Italiýa–Wengriýa: 4–2), 1954-nji (Günbatar Germaniýa–Wengriýa: 3–2), 1966-njy (Angliýa–Günbatar Germaniýa: 4–2 g.w.), 1974-nji (Günbatar Germaniýa–Gollandiýa: 2–1), 1982-nji (Italiýa–Günbatar Germaniýa: 3–1), 2006-njy (Italiýa–Fransiýa: 1–1, 5–3 p) hem-de 2010-njy (Ispaniýa–Gollandiýa 1–0 g.w.) ýyllardaky finallarda 2 ýewropa topary duşuşypdy.