* Fran­si­ýa bi­len Bel­gi­ýa mun­dan ozal, 73 du­şu­şyk ge­çir­di. Şo­lar­da fran­suz­lar 24, bel­gi­ýa­ly­lar 30 gezek ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu du­şu­şyk iki to­pa­ryň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky 3-nji du­şu­şy­gy bo­lup, öň­ki 2 oýun­da-da Fran­si­ýa gar­şy­da­şy­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Fran­suz­lar 1938-nji ýyl­da 3–1, 1986-njy ýyl­da 3-nji ýe­r üçin du­şu­şyk­da goş­ma­ça wagt­da 4–2 ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
* Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da iki ta­ra­pam bir­nä­çe amat­ly pur­sat­lary dö­ret­di­ler. Ne­ti­je­de, 51-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­da go­rag­çy Sa­mu­el Um­ti­ti Fran­si­ýa­ny öňe çy­kar­dy. Bu du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk gol bo­lup, fran­suz­la­ra ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­dy.
* Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2016-njy ýy­lyň sent­ýab­ryn­dan bä­ri ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.
* Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek fi­na­la çy­kyp, bu ba­bat­da Gol­lan­di­ýa bi­len deň­leş­di. Olar bu ba­bat­da Ýew­ro­pa­da Ger­ma­ni­ýa­dyr Ita­li­ýa­dan soň, 3-nji or­ny gol­land­lar bi­len paý­laş­ýar.