Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda şu ýylyň 9-18-nji iýuly aralygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum geçirildi. “Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler” atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
Forumyň açylyş dabarasynda EKOSOS-yň ýolbaşçysy Mariýa Çatardowa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň başlygy Miroslaw Laýçak, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Amina Mohammed 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda edilmeli işleriň üstünde durup geçip, bu ugurdaky öňde durýan wezipeler barada garaýyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş we BMG-niň beýleki düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde guran “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmekde täze energetik Beýik Ýüpek ýoly” atly tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy.
Gatnaşyjylar häzirki döwrüň hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmekde Beýik Ýüpek ýolunyň täze energetika ýoly hökmünde TOPH gaz geçirijisini öňe sürmek babatda Türkmenistanyň işjeň ädimlerini makulladylar.
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda 8 gün dowam eden durnukly ösüş boýunça syýasy forum öz işini tamamlady. Onuň işine dünýäniň ençeme ýurdunyň hökümet ýolbaşçylary, hususy pudagyň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Olar bu forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda Baş sekretaryň durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi baradaky ýyllyk beýanaty esasynda gün tertibiniň emele gelen meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Baş sekretary forumyň ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 2030-njy ýyly öz içine alýan durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, şu wagta çenli gazanylan üstünliklere baha berlendigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, 46 ýurduň bu maksatlara ýetmek üçin meýletin beren hasabatlary öňde goýlan 17 maksada ýetmek üçin tagalla edýändiklerini görkezdi. Baş sekretar bilim, elektrik energiýa üpjünçiligi ýaly ugurlarda gazanylan oňat netijeleriň bellenmäge mynasypdygyny aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary has oňat netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurdygyny belläp, öňde edilmeli işleriň köpdügini aýtdy. Baş sekretar ýaş nesli işe çekmek, hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň öňüni almak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ýokary tehnologiýalary işjeň ulanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýaly ugurlara has köp üns berilmelidigini aýtdy.