Baýramçylygyň öň ýanyndan Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze durmuş maksatly desgalar – köpugurly hassahana hem-de ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi. Merkezi Aziýadaky we ýurdumyzdaky örän uly köpugurly welaýat hassahanasy 47,6 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär. Bu lukmançylyk merkezi köpugurly hassahanany we ýokanç keselleri hassahanasyny, şeýle hem lukmanlar üçin ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar. Bu iri maýa goýum taslamasy hususy kärhana – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan amala aşyryldy.
676 orunlyk 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemogializ, rengenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmotologiýa we ortopediýa, urologiýa, şeýle hem trawmotologiýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar. Köpugurly hassahananyň üç gatly binasynda 160 orunlyk ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirildi.
Bu ýerde näsaglary gyssagly ýagdaýda ugratmak zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy gurnaldy, ýörite aragatnaşyk ulgamlaryny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmegi üpjün etmek üçin gepleşik enjamlary, bejeriş işleriniň hem-de näsaglara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.
Hassahananyň ýanynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumy hem bina edildi. Toplum giň 3 we 4 otagly öýleri, enjamlaşdyrylan aşhanalary, eýwanlary bolan ýokary amatlykly 4 gatly jaýlaryň 6-syny öz içine alýar. Şäherçe 200-e golaý maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.
* * *
Mary şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa we rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär.
Mundan başga-da, näsaglary dürli ugurly hünärmenler – oftalmolog, otolaringolog, en-dokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdolog we beýlekiler kabul eder.
Döwrebap çagalar hassahanasynyň ulanmaga berilmegi ýatdan çykmajak baýramçylyk çäresine öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri hem gatnaşdy.
* * *
Lukmançylyk pudagynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýän “Saglyk–2018” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde uly ähmiýete eýe boldy.