Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­ri­niň ete­gin­dä­ki Hemp­şir şä­her­çe­sin­dä­ki Farn­bo­ro ho­wa men­zi­lin­de dün­ýä­niň iri awia­kos­mos hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Bu ýer­de dün­ýä­niň iri awia­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry özü­niň tä­ze uçar­la­ry­ny, şo­la­ra de­giş­li tä­ze iş­le­nip dü­zü­len teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, teh­ni­ka­la­ry we beý­le­ki en­jam­la­ry köp­çü­li­ge hö­dür­le­ýär­ler. Ser­gi­ni gu­raý­jy­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ser­gi­niň çäk­le­rin­de uçar sa­tyn al­mak ba­bat­da bag­la­şy­lan ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 98 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky ser­gi­däki­den has köp­dür. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý hem gat­naş­dy.
Şol yla­la­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de, 530 uçar sar­gyt edil­di. Mun­dan baş­ga-da, kä­bir uçar­lar üçin tä­ze teh­ni­ka­la­ryň hem sar­gyt­la­ry edil­di. Dün­ýä bel­li “Boeing” hem-de “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň has köp uçar sar­gyt alan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Şu hep­dä­niň duşenbe gü­ni öz işi­ne baş­lan Farn­bo­ro­da­ky awia­gur­lu­şyk ser­gi­si hep­dä­niň ahy­ry­na çen­li do­wam ed­er. Oňa 100-den gow­rak ýurt­dan we­kil­ler gat­naş­ýar. Ser­gi her iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. Onuň il­kin­ji­si 1932-nji ýyl­da Hen­don şä­he­rin­dä­ki ho­wa men­zi­lin­de ge­çi­ri­lip, 30 uçar köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip­di. 1948-nji ýyl­da bu ser­gi Hemp­şir­dä­ki Farn­bo­ro ho­wa men­zi­lin­de ge­çi­ri­lip baş­lan­dy we şol at bi­len tu­tuş dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­zan­dy. Şon­dan soň­ky ýyl­lar­da bu ser­gi dün­ýä­niň iri ae­ro­kos­mos teh­ni­ka­la­ry­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bü­tin­dün­ýä göz­den ge­çi­ri­liş meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ser­gi­niň işi has-da kä­mil­leş­di­ri­lip, onuň çäk­le­rin­de gör­ke­zil­ýän uçar­la­ryň we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň sy­nag uçuş­la­ry hem ge­çi­ril­di.