Daniýada zynjyrsyz welosiped öndürildi. Şeýle kämil ekologik ulag Daniýanyň “CeramicSpeed” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Ol “Eurobike 2018” welosiped sergisinde täze ýasan ulagyny köpçülige görkezdi. Soňky ýyllarda tutuş dünýäde has köp isleg bildirilýän ulag görnüşleriniň birine öwrülen welosipediň zynjyrsyz, ýagny tizlikli transmissiýa mehanizmi arkaly hereket edýän görnüşini hödürledi. Oýlap tapyjylar bu welosipediň netijeliliginiň ýokarydygyny belläp geçýärler. Transmissiýa özünde walyň köp görnüşini jemläp, tigriň tizlenmegine mümkinçilik berýär. Ol kuwwaty müň watt-dan hem ýokary çykarmaga şert döredýär. Adaty ýaryşda türgeniň emele getirýän tizliginiň kuwwaty 250 watt-a deň bolýar. “Driven” transmissiýasy häzirki wagtda özüniň synaglarynyň başlangyç tapgyryny başdan geçirýär.