Awtoulag önümçiliginde tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan “Toyota” kompaniýasy “Energy Observer” atly deňiz gämisiniň taslamasynyň üstünde işleýär. Ýangyç ulanmazdan hereket edýän bu gämi geçen ýylyň iýul aýynda 6 ýyllyk ýüzüşine başlapdy. Bu synag ýüzüşi gämide oturdylan gurnamalaryň netijeliligini gözden geçirmekden ybaratdyr. Gämi bu syýahatynda dünýäniň 50 ýurduna barar. Häzirki wagtda ol özüniň gezelenjiniň 25-nji tapgyrynda Wenesiýa bardy. Gäminiň içerki hereketlendirijisiniň ornuna gibrid güýç generatory oturdyldy. Ol Günden, ýelden we tolkunlardan energiýa alyp, öz hereketini dowam etdirýär. Her hili näsazlyklar nazarda tutulyp, ätiýaçlyk energiýa çeşmesi hökmünde deňiz suwundan öndürilýän wodorodyň gory saklanýar. “Ätiýaçdaky” wodorod gämide oturdylan tehnologik gurnamalar esasynda alynýar. Deňiz suwunyň duzy arassalanyp, elektroliziň kömegi bilen suwuň molekulasy kisloroda we wodoroda bölünýär. Emele gelen gaz ýörite ätiýaçlyk çeleklerde saklanýar.
“Energy Observer” 1983-nji ýylda ýüze çykypdy, ýöne ilkinji ýyllarda ol ýönekeý ýelkenli gaýykdy. Ony döreden inžener Naýjel Aýrens ýaryşlara gatnaşmak üçin oýlap tapypdy. Häzir ol kämilleşdirilip, uzynlygy 30,5 metre we ini 12,8 metre barabar bolan gämi derejesine ýetirildi. Onuň 6 ýyllyk ýüzüşiniň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmagy wagyz etmekden ybaratdyr.