Alym­lar as­te­ro­id­le­riň hal­ka­syn­da­ky 200 müň ji­si­miň 85 gö­te­ri­mi­niň Gün ul­ga­my­nyň has ir­ki tap­gyr­la­ryn­da eme­le ge­len pla­ne­ta­la­ryň par­ça­la­ry­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler.
ABŞ-nyň Flo­ri­da uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri Gü­nüň tö­we­re­gin­dä­ki or­bi­ta bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän müň­ler­çe kos­mos ji­sim­le­ri­niň dört mil­liard ýyl mun­dan ozal­ky Gün ul­ga­my­my­zyň ga­dy­my pla­ne­ta­la­ry­nyň dar­ga­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar.
“Mu­nuň şeý­le­di­gi wag­tal-wag­tal Ýe­re süý­nüp gaç­ýan me­teo­rid­ler­de ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bel­li bol­dy” diý­lip alymlaryň “Dai­ly Star” ne­şi­rindäki ylmy işinde ha­bar beril­ýär. Barlag geçirijileriň bel­le­me­gi­ne gö­rä, olar öz no­ba­tyn­da ju­da ir za­man­lar pla­ne­ta­lar­dan bö­lü­nip aý­ry­lan as­man ji­sim­le­ridir. Alym­lar ola­ryň gelip çykyşynyň uly bol­ma­dyk kos­mos ji­sim­le­ri­ne mah­sus hä­si­ýet­ler­den ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny bel­leýär­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler tä­ze açy­şyň Ýe­re gaç­ýan as­man ji­sim­le­ri­niň how­pu­na dü­şün­mek jäh­tin­den peý­da­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.