Maliýe maglumatlary boýunça “Bloom­berg” agentliginiň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, soň­ky üç aýyň do­wa­myn­da ben­zi­niň ba­ha­sy­nyň or­ta­ça ösü­şi 6,1 gö­te­rim­den yba­rat bol­dy. Agent­li­giň bi­ler­men­le­ri dün­ýä­niň 61 ýur­dun­da ben­zi­niň ba­ha­sy­ny öw­ren­di­ler we onuň ba­ha­sy­nyň has ýo­ka­ry ýurt­la­ry­nyň reý­tin­gi­ni düz­dü­ler.
Geliň, benziniň iň gym­mat 10 ýurdy ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ra ser salalyň.

Gon­kong
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 2,08 dol­lar. Bi­ler­men­ler Gon­kon­gyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hy­taý­ly­la­ra ga­ra­nyň­da, iki es­se köp tö­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Gon­kong dün­ýä­de ben­zi­niň iň gym­mat ýe­ri­dir. Şeý­le-de bol­sa, benzine el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça Gon­kong 24-nji or­ny eýe­le­ýär.

Nor­we­gi­ýa
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 2,07 dol­lar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu ýurt dün­ýä­de elekt­rou­lag­la­ryň iň köp ýur­du­dyr. Bu ýag­da­ý yk­dy­sa­dy­ýe­ti ne­bit eks­por­ty­na esas­lan­ýan ýurt üçin geň gö­rün­me­gi hem müm­kin. Ýö­ne ýurt özü­niň ne­bit gor­la­ry­ny inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek ýa-da mugt bi­lim al­mak ýa­ly hyz­mat­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ulan­ýar. Nor­we­gi­ýa ben­zi­ne el­ýe­ter­li­li­gi­niň de­re­je­si bo­ýun­ça 11-nji or­ny eýe­le­ýär.

Ni­der­land­lar
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 1,98 dol­lar. Edil Nor­we­gi­ýa­da­ky ýa­ly Ni­der­land­lar­da hem elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny ýe­ter­lik de­re­je­de köp­dür. 2016-njy ýyl­da bu ugur­da­ky ýe­ňil­lik­ler azal­dy­lan­dan soň­ra, elekt­rou­lag­la­ryň pa­ýy­nyň pe­se dü­şüp ug­ran­dy­gy aý­dyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Ni­der­land­lar­da ýan­gy­jyň sal­gy­dy ju­da ýo­ka­ry bo­lup, adam ba­şy­na düş­ýän sa­ny bo­ýun­ça we­lo­si­ped­le­riň iň ýo­ka­ry gö­te­ri­mi­ne eýe­dir. Ýurt we­lo­si­ped­le­ri ulan­ma­ga we aw­tou­lag­la­ry azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­di we ony ös­dür­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Ni­der­land­lar ben­zi­ne el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça dün­ýä­de 20-nji or­ny eýe­le­ýär.
Gre­si­ýa
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 1,95 dol­lar. Gre­si­ýa­da ýan­gy­ja sal­gyt­lar has ýo­ka­ry­dyr. Ýurt ben­zi­ne el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça 44-nji or­ny eýe­le­ýär. Gün­de­lik or­ta­ça gir­de­ji­si 57,84 dol­lar­dan yba­rat bo­lup, bir litr ben­zin sa­tyn al­ma­ga gün­de­lik gir­de­ji­niň 3,37 gö­te­ri­mi harç edil­ýär.

Ita­li­ýa
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 1,93 dol­lar. Bu ýurt­da aw­tou­la­ga eýe bol­ma­gyň nyr­hy dün­ýä­de iň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ýurt­da ýan­gy­ja sal­gyt­lar hem ýo­ka­ry. Ýurt ben­zi­ne el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça 31-nji or­ny eýe­le­ýär. Gün­de­lik or­ta­ça gir­de­ji 98,25 dol­lar bo­lup, bir litr ben­zin sa­tyn al­mak üçin gün­de­lik gir­de­ji­niň 1,96 gö­te­ri­mi sarp edil­ýär.

Da­ni­ýa
Bir litr ben­zi­niň ba­ha­sy 1,91 dol­lar. Bu ýer­de ben­zi­niň ba­ha­sy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gir­de­ji­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­si gö­ze il­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýurtda we­lo­si­pediň has ýaýraýandygy aý­dyl­ýar. Da­ni­ýa ben­zi­niň el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça dün­ýä­de 14-nji or­ny eýe­le­ýär. Gün­de­lik or­ta­ça gir­de­ji 174,95 dol­lar­dan yba­rat bo­lup, bir litr ben­zin sa­tyn al­ma­ga gün­de­lik gir­de­ji­niň 1,09 gö­ter­mi harç­lan­ýar.

Por­tu­ga­li­ýa
Bir litr benziniň bahasy 1,86 dollar. Portugaliýada ýangyjyň ýokary salgydy bar. Ýurt benzine elýeterlilik derejesi boýunça 39-njy orunda durýar: ortaça gündelik girdeji 66,30 dollardan ybarat bolup, bir litr benzin satyn alnanda onuň 2,80 göterimi harçlanylýar.

Ys­ra­ýyl
Bir litr benziniň bahasy 1,86 dollar. Ýurt benzine elýeterlilik derejesi boýunça 26-njy orunda durýar. Ortaça gündelik girdeji 114,34 dollardan ybarat bolup, bir litr benzin satyn almaga gündelik girdejiniň 1,62 göterimi harçlanýar.

Fran­si­ýa
Bir lit­r benziniň nyr­hy 1,85 dol­lar. Fran­suz­lar benziniň ýo­ka­ry nyr­hy­na tö­le­mä­ge ýag­daý­la­ry bol­sa-da, elekt­rou­la­ga ge­çen­le­ri­ni kem gö­re­nok­lar. Fran­si­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri “Peu­ge­ot” we “Re­nault” elekt­rou­lag ba­za­ryn­da bäs­leş­ýär­ler. Ýurt ben­zi­ne el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça 23-nji orun­da dur­ýar. Gün­de­lik gir­de­ji ortaça, 122,93 dol­la­ra deň bo­lup, bir litr ben­zin sa­tyn al­ma­ga onuň 1,50 gö­te­ri­mi sarp edil­ýär.

Şwe­si­ýa
Bir litr ben­zi­niň nyr­hy 1,82 dol­lar. Şwe­si­ýa hem is­len­dik ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne go­ýul­ýan ýo­ka­ry sal­gy­dy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýurt­da 10 mil­li­on tö­we­re­gi ilat ýa­şap, ýan­gy­ja ýo­ka­ry sal­gyt­lar sa­lyn­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Şwe­si­ýa­da elekt­rou­lag­la­ryň ýo­ka­ry pa­ýy bar. Ýurt ben­zi­ne el­ýe­ter­li­lik de­re­je­si bo­ýun­ça 16-njy or­ny eýe­le­ýär. Gün­de­lik gir­de­ji or­ta­ça 152,11 dol­la­r bo­lup, bir litr ben­zi­ne bu muk­da­ryň 1,20 gö­te­ri­mi harç edilýär.