Il­kin­ji ge­zek çem­pio­na­tyň açy­lyş hem-de fi­nal du­şu­şy­gy­na emin­lik eden ar­gen­ti­na­ly Nes­tor Pi­ta­na­nyň jür­le­wü­gi bi­len baş­lanan du­şu­şy­gyň 18-nji mi­nu­tyn­da ha­sap açyl­dy. Bu go­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len je­ri­me ur­gu­syn­dan soň, ýal­ňyş­lyk­ bi­len Ma­rio Man­žu­kiç öz der­we­ze­si­ne gi­riz­di. Ýö­ne ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan Hor­wa­ti­ýa­nyň jo­ga­by gi­jik­me­di. 28-nji mi­nut­da Iwan Pe­ri­şiç owa­dan ur­gy bi­len ha­sa­by deň­le­di. Bu gol­dan 11 mi­nut­dan soň, ha­sap ýene-de üýt­ge­di. Has ta­ky­gy, je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň için­de top ha­sa­by deň­län Pe­ri­şi­çiň eli­ne deg­di. Emin Pi­ta­na Wi­deo Asis­tent Emi­niň (VAR) ýar­da­my bi­len il­kibaşda ikir­jiň­len­se-de, ahyrynda pe­nal­ti no­ka­dy­ny görkezdi. Ony dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren An­tu­an Griz­mann fran­suz­la­ry 2–1 öňe saý­la­dy. To­par­lar bu ha­sap bi­len ara­kes­mä çyk­dy.

PEREŇLI ÝESERLER
2-nji ýa­rym­da 1 gün az dynç alan, şol bir­wag­tyň özün­de-de gar­şy­daş­la­ry­na ga­ra­nyň­da 90 mi­nut ar­tyk­maç oý­nan hor­wat­la­ryň ýa­daw­ly­gy me­se-mä­lim du­ýul­dy. Bu ýag­daý­dan ýer­lik­li peý­da­la­nan fran­suz­la­r ýe­ne-de 2 gol ge­çir­di. 59-njy mi­nut­da Pol Pog­ba­nyň uzak ara­lyk­dan uran ur­gu­sy­na der­we­ze­çi Su­ba­şiç hiç hi­li çä­re ta­pyp bil­me­di. 65-nji mi­nut­da-da çem­pio­na­tyň ýyl­dyz­la­ryn­dan Ki­li­an Mbap­pe je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň da­şyn­dan ýer­den ur­gy bi­len ha­sa­by has-da art­dyr­dy. 4 mi­nut­dan soň bol­sa, 1-nji go­luň aw­to­ry Ma­rio Man­žu­kiç der­we­ze­çi Lo­ri­si­ňem ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nyp, bu ge­zek öz ge­çir­me­li der­we­ze­si­ne to­py gi­riz­di. Şon­dan soň, hor­wat­lar az­da-kän­de umyt­lan­sa-da, fran­suz­lar bu ýa­ryş­lar­da öz­le­ri­niň has tej­ri­be­lid­igi­ni gör­kez­di­ler. Şeý­le­lik­de, 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 20 ýyl­dan soň, ta­ry­hyn­da­ky 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Urug­waý­dyr Ar­gen­ti­na­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy.

Çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da­ky 900-nji oýun we beý­le­ki ha­sa­bat­lar

* Fran­si­ýa bi­len Hor­wa­ti­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky 900-nji oýun diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Ge­çi­ri­len şol 900 du­şu­şyk­da 2548 pök­gi der­we­zä gi­ri­zil­di.
* Çem­pio­nat­da der­we­zä ur­lan 169 gol (or­ta­ça 2,64 gol) 32 ýy­gyn­dy­nyň gat­na­şyp baş­lan ýa­ry­şyn­dan (1998) bä­ri ga­za­ny­lan iň ýo­ka­ry 3-nji gör­ke­zi­ji­dir. 1998-nji we 2014-nji ýyl­lar­da 171 pök­gi ge­çi­ri­lip­di.
* Çem­pio­nat­da 2 fut­bol­çy Ro­nal­do bi­len Keýn het-trik eden bol­sa, 10 ge­ze­gem 2 gol ge­çi­ril­di. Lu­ka­ku yz­ly-yzy­na 2 oýun­da 2 gol ge­çi­rip, iň soň­ky sa­par şeý­le ba­şar­ny­gy 1986-njy ýyl­da Ma­ra­do­na gör­ke­zip­di.
* Çem­pio­nat­da 110 fut­bol­çy ta­pa­wut­lan­dy. Olar­dan baş­ga-da 12 fut­bol­çy aw­to­gol bi­len ýat­da gal­dy. Aw­to­gol ge­çi­ren­le­riň 2-si Man­žu­kiç bi­len Çe­ry­şe­wiň at­la­ry 110 fut­bol­çy­nyň sa­na­wyn­da-da bar­dyr. Bu çem­pio­nat iň köp aw­to­go­luň ge­çi­ri­len Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şy bol­dy.
* Bel­le­nen 29 pe­nal­ti hem re­kor­da deň­dir. Şo­la­ryň 22-si dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Utu­lan çyk­dy tap­gy­ryn­da 45 gol ge­çi­ri­lip, bu ba­bat­da-da 1954-nji hem-de 1994-nji ýyl­lar­da­ky 44 gol­ly re­kord tä­ze­len­di.
* Çem­pio­nat­da PSŽ bi­len “Tot­ten­hem” klub­la­ry­nyň oýun­çy­la­ry iň köp ta­pa­wut­la­nan fut­bol­çy­lar bol­dy. Iki to­pa­ryň-da we­kil­le­ri 12 gol ge­çir­di.
* Çem­pio­nat­da 4 gy­zyl kar­toç­ka gör­ke­zil­di. Bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň bo­lup, gy­zyl kar­toç­ka gör­ke­zi­lip baş­la­nyn­dan bä­ri iň az gy­zyl kar­toç­ka­ly çem­pio­nat diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.
* Ra­fa­el Wa­ran 1 möw­süm­de hem UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da, he­mem Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 4-nji fut­bol­çy bol­dy. On­dan öň fran­si­ýa­ly Kris­ti­an Ka­ramb­ýo (1998), Ro­ber­to Kar­los (2002) hem-de Sa­mi Ke­di­ra (2014) şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di. Ola­ryň 4-si­niň hem “Re­al Mad­rid” klu­bu­nyň oýun­çy­la­ry bol­ma­gy aý­ra­tyn ün­si çek­ýär.
* Hor­wa­ti­ýa­ly Ma­rio Man­žu­kiç fi­nal­da hem öz der­we­ze­sin­den, hem gar­şy­daş to­pa­ryň der­we­ze­sin­den gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy.
* Hor­wa­ti­ýa­ly De­ýan Low­ren 1 möw­süm­de hem Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň, he­mem Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da ýeň­li­şe se­ze­war bo­lan 13-nji fut­bol­çy­dyr.
* Çem­pio­nat­da iň köp wagt­lap çy­kyş eden oýun­çy hor­wa­ti­ýa­ly Lu­ka Mod­riç bo­lup, ol 694 mi­nut­lap meý­dan­ça­da gal­dy.