Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip, Hor­wa­ti­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ka­pi­ta­ny, ýyl­dyz ýa­rym­go­rag­çy Lu­ka Mod­riç saý­lan­dy. “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny alan Luka Mod­riç bu ba­bat­da bel­gi­ýa­ly Eden Azar bi­len fran­si­ýa­ly An­tu­an Griz­man­ny yz­da gal­dyr­dy. Eý­ýäm FI­FA 2-nji ge­zek fi­nal­da utu­lan to­pa­ryň oýun­çy­sy­ny edil gö­wün­lik ber­ýän ýa­ly, “Al­tyn top” bi­len sy­lag­la­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen­ki çem­pio­nat­da-da 2-nji ýe­ri eýe­län Ar­gen­ti­na­nyň su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­sä “Al­tyn top” baý­ra­gy ber­lip­di. Al­tyn top baý­ra­gy­ny iň soň­ky sa­par çem­pi­on bo­lan to­pa­ryň oýun­çy­sy bo­lup, 1994-nji ýyl­da bra­zi­li­ýa­ly Ro­ma­rio ga­za­nyp­dy. Şon­dan soň de­giş­li­lik­de, braziliýaly Ro­nal­do (1998), germaniýaly Oli­wer Kan (2002), fransiýaly Zi­ne­din Zi­dan (2006), urugwaýly Die­go For­lan (2010) hem-de argentinaly Lio­nel Mes­si (2014) “Al­tyn top” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Ola­ryň urug­waý­ly For­lan­dan baş­ga­sy çem­pio­nat­da 2-nji ýe­ri eýe­län to­par­la­ryň oýun­çy­la­ry­dyr.
* * *
Çem­pio­na­tyň iň ýaş oýun­çy­sy diý­lip çem­pi­on Fran­si­ýa­nyň hü­jüm­çi­si Ki­li­an Mbap­pe saý­lan­dy. Ol 1958-nji ýyl­da Pe­le­den soň, fi­nal­da ta­pa­wut­la­nan iň ýaş 2-nji fut­bol­çy hök­mün­de-de ady­ny ta­ry­ha ýaz­dyr­dy.

Ikin­ji iň­lis fut­bol­çy­sy
Çem­pio­na­tyň iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­sy ang­li­ýa­ly hü­jüm­çi Har­ri Keýn bo­lup, ol 6 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. 1 ge­zek het-trik eden Keýn gol­la­ry­nyň 3-si­ni pe­nal­ti­den der­we­zä gi­riz­di. Ol 1986-njy ýyl­da bu hor­ma­ta my­na­syp bo­lan Ga­ri Li­ne­ker­den soň, “Al­tyn but­sy” baý­ra­gy­ny alan ikin­ji iň­lis fut­bol­çy­sy­dyr. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 8-nji ge­zek 6 gol bi­len “Al­tyn but­sy” baý­ra­gy ga­za­nyl­dy.
* * *
Çem­pio­na­tyň “Al­tyn el­lik” baý­ra­gy bol­sa, bü­rünç me­dal ga­za­nan Bel­gi­ýa­nyň der­we­ze­çi­si Ti­bo Kur­tua be­ril­di. “Fa­ir Play” baý­ra­gy­na-da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy la­ýyk gör­lüp, olar 4 oýun­da 2 sa­ry kar­toç­ka al­dy.