Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da il­kin­ji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­mak üçin meý­dan­ça çy­kan 2 ýy­gyn­dy­nyň – Bel­gi­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun diý­seň çe­ke­le­şik­li geç­di. Eý­ran­ly Ali­re­za Fa­ga­ni­niň jür­le­wük ça­lan du­şu­şy­gy “Pre­mi­er li­ga­ny” ýat­lat­dy. Esa­sy dü­züm­de meý­dan­ça çy­kan 22 oýun­çy­nyň di­ňe 3-si baş­ga li­ga­la­ryň klub­la­ryn­da oý­na­ýan oýun­çy­lar­dy (bel­gi­ýa­ly oýun­çy­lar – Mýon­ýe, Wit­sel, Ti­le­mans). Du­şu­şy­gyň eý­ýäm 3-nji mi­nu­tyn­da Çad­li­niň pa­syn­dan soň, sag gy­ra­ky go­rag­çy To­mas Mýon­ýe ha­sa­by aç­dy. Bu gol­dan soň, iň­lis­ler hü­jüm­le­ri­ni ýyg­jam­laş­dy­ran bolsa, bel­gi­ýa­ly­lar gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler taktikasyny saýlap aldy. 2-nji ýa­ry­ma Lin­gard­dyr Reş­ford bi­len baş­lan iň­lis­le­re ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­dy. Oý­nuň 82-nji mi­nu­tyn­da ýe­ne-de gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­de Eden Azar ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. Şeý­le­lik­de, Bel­gi­ýa ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Dün­ýä­niň 1 ge­zek çem­pio­ny Ang­li­ýa bol­sa, 1990-njy ýyl­dan soň, ýe­ne bir ýo­la 4-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu çem­pio­na­ta çen­li 21 ge­zek du­şu­şan 2 to­pa­ryň şol öň­ki oýun­la­ryn­da Bel­gi­ýa güýç­li gar­şy­da­şy­ny 1 sa­par ýe­ňip­di. Ýö­ne şu çem­pio­nat­da Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ang­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny 2 ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iki to­par to­pa­rça­da-da du­şu­şyp­dy we Bel­gi­ýa şonda-da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
* Bel­gi­ýa­nyň ge­çi­ren 16 go­ly 32 ýy­gyn­dy­nyň gat­na­şyp baş­la­nyn­dan bä­ri ga­za­ny­lan iň ýo­ka­ry 3-nji gör­ke­zi­ji bo­lup, 2002-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa, 2014-nji ýyl­da-da Ger­ma­ni­ýa 18 to­py gar­şy­daş­la­ry­nyň der­we­ze­sin­den gi­riz­di.
* Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da 10 fut­bol­çy ta­pa­wut­lan­dy. Bu bol­sa, re­kor­dyň gaý­ta­lan­ma­gy diý­mek­dir. Bel­gi­ýa­dan ozal 1982-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň, 2006-njy ýyl­da-da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­dan 10 oýun­çy ta­pa­wut­la­nyp­dy.