132-nji ge­zek ge­çi­ri­len “Wimb­le­don” ten­nis ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len Gü­nor­ta af­ri­ka­ly Ke­win An­der­son du­şuş­dy. 2 sa­gat 19 mi­nut­da ta­mam­la­nan fi­nal­da Jo­ko­wiç gar­şy­da­şy­ny 3 se­tiň do­wa­myn­da 3:0 (6:2, 6:2, 7:5) ha­sa­byn­da ýe­ňip, kar­ýe­ra­syn­da­ky 13-nji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ge­çen ýyl şi­ke­si­niň-de tä­si­ri bi­len ýe­ke “Uly tu­wul­ga­da-da” ba­şar­nyk gör­ke­zip bil­me­dik 31 ýa­şyn­da­ky Jo­ko­wiç oza­lam bu ýer­de 2011-nji, 2014-nji hem-de 2015-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 69-njy ýeň­şi­ni baý­ram eden Jo­ko­wiç “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 6, “Fran­si­ýa Açyk­da” 1 hem-de “Ame­ri­ka Açyk­da-da” 2 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Bu ýa­ryş­dan soň, sa­naw­da tä­ze­den il­kin­ji on­lu­ga gaý­dyp ge­len No­wak Jo­ko­wiç ýa­rym fi­nal­da Ra­fa­el Na­dal­dan 5 set­de üs­tün çyk­­dy (6:4, 3:6, 7:6, 3:6, 10:8). “Wimb­le­don­da” il­kin­ji, “Uly tu­wul­ga­lar­da” 2-nji ge­zek fi­na­la çy­kan Ke­win An­der­son ýa­rym fi­nal­da ame­ri­ka­ly Jon Is­ner bi­len du­şuş­dy. 6 sa­gat 36 mi­nut­lap do­wam eden oýun­da Ke­win An­der­son 3:2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu du­şu­şyk “Wimb­le­do­nyň” ta­ry­hyn­da­ky iň uzak wagt­lap do­wam eden 2-nji du­şu­şyk diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. An­der­son çär­ýek fi­nal­da-da ro­wa­ýa­ty Ro­jer Fe­de­re­ri 3:2 ýe­ňip­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ten­ni­siň ta­ry­hyn­da­ky iň uzak wagt­lap do­wam eden oýun­da Jon Is­ner bi­len fran­si­ýa­ly Ni­ko­las Ma­hut du­şu­şyp­dy. 2010-njy ýyl­da “Wimb­le­do­nyň” 1-nji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len bu oýun 3 gün­läp do­wam edip­di. Ne­ti­je­de, 11 sa­gat 5 mi­nut­da ta­mam­la­nan du­şu­şyk­da Jon Is­ner 3:2 (6:4, 3:6, 6:7, 7:6, 70:68) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Möw­sü­miň 3-nji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy “Wimb­le­don­da” ze­nan­la­ryň ara­syn­da ger­ma­ni­ýa­ly An­je­li­ka Ker­ber çem­pi­on bol­dy. WTA-nyň sa­na­wy­nyň öň­dä­ki ten­nis­çi­le­ri­niň il­kin­ji 3 tap­gyr­da utu­lyp gaý­dan ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da Ker­ber ame­ri­ka­ly Se­re­na Wil­liams bi­len du­şuş­dy. 1 sa­gat 5 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da 30 ýaş­ly Ker­ber ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ene bo­lan Wil­li­am­sy 2 se­tiň do­wa­myn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 2 set­de-de 6:3 ha­sap­lar bi­len üs­tün çy­kan Ker­ber “Wimb­le­don­da­ky” il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ol bu ýer­de 1996-njy ýyl­da ýe­ňi­ji bo­lan Ştef­fi Graf­dan soň, “Wimb­le­don­da” çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny eýe­län il­kin­ji ger­ma­ni­ýa­ly ten­nis­çi bol­dy. Şeý­le­lik­de, An­je­li­ka Ker­ber kar­ýe­ra­syn­da­ky 3-ni “Uly tu­wul­ga­sy­ny” ga­zan­dy. Bu onuň WTA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 12-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol We­nus Wil­liams­dan soň, Se­re­na Wil­li­am­sy “Uly tu­wul­ga” fi­na­lyn­da 2-nji ge­zek ýe­ňen 2-nji ten­nis­çi di­ýen ady eýe­le­di. Ker­ber 2016-njy ýyl­da “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” hem-de “Ame­ri­ka Açyk­da” ýe­ňi­ji bo­lup­dy. 36 ýa­şyn­da­ky Se­re­na Wil­liams bol­sa, 24-nji “Uly tu­wul­ga­sy­ny” ga­za­nyp, Mar­ga­ret Kor­tuň re­kor­dy­na şä­rik bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­der­di.
Umu­my pul gaz­na­sy 34 mil­li­on funt ster­lin­ge deň bo­lan “Wimb­le­don­da” bu ýyl ze­nan­dyr er­kek çem­pi­on­la­ryň her­si­ne aý­ra­tyn­lyk­da 2,250 mil­li­on funt ster­ling pul sy­la­gy be­ril­di.