Dün­ýä bel­li bas­ket­bol­çy, NBA-nyň su­per ýyl­dy­zy LeB­ron Jeýms to­pa­ry­ny üýt­get­di. “Kliw­lend Ka­wa­li­er­siň” 33 ýaş­ly bas­ket­bol­çy­sy mun­dan soň, kar­ýe­ra­sy­ny NBA-nyň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2-nji to­pa­ry “Los An­je­les Leý­kers­de” do­wam et­di­rer. Jeýms Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň umu­my­lyk­da uly, ýö­ne soň­ky ýyl­lar­da pleý-of­fuň da­şyn­da gal­ma­gy en­dik edip baş­lan topary “Leý­kers” bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Los an­je­les­li­ler su­per ýyl­dy­za 4 ýy­ly üçin 154 mil­li­on dol­lar hak tö­lär.
NBA-da 15-nji möw­sü­mi­ni ta­mam­lan LeB­ron Jeýms 1984-nji ýy­lyň 30-njy de­kab­ryn­da Oha­ýo şta­ty­nyň Ak­ron şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol 2003-nji ýyl­da şta­tyň beý­le­ki bir şä­he­ri Kliw­len­diň to­pa­ry “Kliw­lend Ka­wa­liers­de” pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na baş­la­ýar. “The King” (Şa) la­kam­ly oýun­çy 2010-njy ýy­la çen­li, şert­na­ma­sy ta­mam­lan­ýan­ça, bu klub­da oý­na­dy. Soň­ra 4 möw­süm “Ma­ýa­mi Hit­de” çy­kyş edip, Dweýn Weýd, Kris Boş ýa­ly ýyl­dyz­lar bi­len bu to­par­da 2 ge­zek NBA-nyň çem­pio­ny bol­dy. 2014-nji ýyl­da tä­ze­den “Kliw­len­de” do­la­nan Jeýms 2 ýyl so­ňam klu­ba NBA-da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dyr­dy. Ge­çen möw­süm­de ada­ty möw­sü­miň 82 du­şu­şy­gyn­da-da çy­kyş edip, pleý-off­lar­da-da diý­seň ýo­ka­ry de­re­je­de oýun gör­ke­zen LeB­ron Jeým­siň ta­gal­la­sy fi­nal­da ha­ta­ry ýyl­dyz­dan do­ly “Gol­den Steýt War­ri­or­sy” ýeňmäge ýe­ter­lik bol­ma­dy. NBA-nyň 3 ge­zek çem­pio­ny, 3 sa­par fi­nal oýun­la­ry­nyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy, 4 ge­ze­gem ada­ty möw­sü­miň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nan Jeýms 14 sa­par “All Star­da” çy­kyş et­di. Mah­la­sy, on­lar­ça re­kor­dyň eýe­si LeB­ron Jeým­siň öňü­miz­dä­ki 4 ýyl­da NBA-nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ne­ti­je­li 8 oýun­çy­nyň 6-sy­nyň (Wilt Çem­ber­leýn, Ka­rim Ab­dul-Jab­bar, Şa­kil O’Nill, Ko­bi Bra­ýant…) çy­kyş eden klu­by “Leýkerse” to­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, öň­ki ýyl­dyz­ oýunçy Me­jik Jon­so­nyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze­den ozal­ky ba­şar­nyk­ly gün­le­ri­ne do­lan­dy­ryp-do­lan­dyr­ma­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer.