Türk­men-ow­gan dost­lu­gy­nyň ýyl­ýaz­gy­sy­na no­bat­da­ky şöh­rat­ly sa­hy­pa ýa­zyl­dy. Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji­si ulan­ma­ga be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. We­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar.
Tä­ze des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Ow­ga­nys­ta­nyň bir­nä­çe we­la­ýat­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de ila­ty, türk­men we­ki­li­ýe­ti gat­naş­dy­lar. Bu da­ba­ra Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni­niň gat­naş­ma­gy bol­sa, onuň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy.
Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gy­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler. On­da türk­men we ow­gan halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan­dy­gy nyg­tal­ýar. Uzak ta­ry­hy döw­rüň do­wa­myn­da ata-ba­ba­la­ry­myz bi­ze pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň aja­ýyp däp­le­ri­ni mi­ras go­ýup­dyr. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň­ra il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da bi­ziň öz­baş­dak­ly­gy­my­zy gol­dan­la­ryň bi­ri-de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­dyr. Ge­çen dö­wür için­de Türk­me­nis­tan we Ow­ga­nys­tan döw­let­le­ri öz­baş­dak­lyk şert­le­rin­de yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni taý­dan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­ke­zip gel­ýär.
Ge­çi­ri­ji­lik uky­by sa­gat­da 100 me­ga­wat­ta deň bo­lan bu elekt­rik ge­çi­ri­ji­si Ker­ki – Ham­ýap – Gar­kyn, Mar­çak (Türk­me­nis­tan) – Mar­çak (Ow­ga­nys­tan) we Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau ugur­la­ry­nyň il­kin­ji­si­dir. Bu ugur­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi Ow­ga­nys­ta­nyň dür­li se­bit­le­ri­ne türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ýo­kar­lan­dy­ry­lan möç­ber­de iber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Ymam­na­zar – And­hoý hem-de Ser­he­ta­bat – Hy­rat ugur­la­ry bo­ýun­ça goň­şy ýur­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eý­ýäm mil­li­on­lar­ça ki­lo­watt-sa­ga­dy ibe­ril­di. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de, ow­gan sarp edi­ji­le­ri­niň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri hem-de iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek üçin şert­ler dö­re­dil­di. Ýaş ow­ga­nys­tan­ly­la­ryň ýüz­ler­çe­si ener­ge­ti­ka hü­nä­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­dy.
Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň bar­şyn­da Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni Ow­ga­nys­ta­nyň Türk­me­nis­ta­ny hoş­ni­ýet­li dost hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şol sy­ýa­sat bol­sa, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar.
Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy ul­ga­my türk­men-ow­gan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Pre­zi­dent Aş­raf Ga­ni Ow­ga­nys­ta­nyň bu ugur­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we äh­li türk­men hal­ky­na Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan gal­kyn­ma­gy­na yzy­gi­der­li kö­mek ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ow­gan hal­ky­nyň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na hem-de dö­re­di­ji­lik­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na, şol san­da ow­gan me­se­le­si­ne de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Pre­zi­dent Aş­raf Ga­ni türk­men-ow­gan hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň oňat ne­ti­je ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de ow­gan hal­ky­nyň Ow­ga­nys­ta­nyň ös­me­gi üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni uly şat­lyk duý­gu­sy bi­len ka­bul ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Ow­gan Li­de­ri ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­si­ne de­gip geç­mek bi­len, Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Bu tas­la­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Soň­ra Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Şo­nuň çäk­le­rin­de türk­men hü­när­men­le­ri elekt­rik üp­jün­çi­lik des­ga­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni, şol san­da pods­tan­si­ýa­ny we elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni gur­du­lar. 110 kW Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň uzyn­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de 60 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Ol Tag­ta­ba­zar et­ra­byn­da­ky 110 kW “Ra­bat­ka­şaň” pods­tan­si­ýa­syn­dan Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­laý­nau şä­he­rin­dä­ki 110 kW “Ka­laý­nau” pods­tan­si­ýa­sy­na çe­kil­di. Onuň uzyn­ly­gy Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň çä­gin­de 52 ki­lo­metr bo­lup, umu­my uzyn­ly­gy 112 ki­lo­met­re deň­dir.
Tä­ze gur­lan 110 /20 kW “Ka­laý­nau” trans­for­ma­tor be­ke­din­de 110 kW açyk paý­laý­jy gur­luş, bir sa­ny kuw­wat­ly­ly­gy 22,5 MWA bo­lan 110/20 kW trans­for­ma­tor, 5 sa­ny 20 kW çy­kyş fi­der­le­ri gur­nal­dy. 20 kW çy­kyş fi­der­le­ri­niň 4-si Ka­laý­nau şä­he­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ber­mek üçin ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ne ka­bel­ler bi­len bag­laş­dy­ryl­dy. Iki sa­ny 20 kW fi­der bol­sa, äti­ýaç­da dur­ýar.
Ýer­li hü­när­men­ler­den al­nan mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ka­laý­nau şä­he­rin­de ila­ta elekt­rik ener­gi­ýa­sy di­zel ge­ne­ra­tor­la­ry ar­ka­ly be­ril­ýär. Bu ýer­de je­mi 55 sa­ny 20/0,4 kW trans­for­ma­tor be­ket­le­ri bo­lup, olar bir sa­ny 400 kWA, al­ty sa­ny 315 kWA, on sa­ny 250 kWA, on iki sa­ny 160 kWA, ýig­ri­mi al­ty sa­ny 100 kWA top­lu­myn­dan yba­rat­dyr.
Ow­gan ta­ra­py şu elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de “Ker­ki – Ham­ýap – Gar­kyn” elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ener­ge­ti­ka we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da me­ýil­ler ha­kyn­da tes­wir­na­ma gol çe­kil­me­gi­ni ru­hu­be­lent­lik bi­len ka­bul et­di.
Tes­wir­na­ma la­ýyk­lyk­da, türk­men ser­he­din­den Ow­ga­nys­ta­nyň Ham­ýap et­ra­by­na we on­dan Gar­kyn et­ra­by­na çen­li güý­jen­me­si 110 kW bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni, şeý­le hem Ham­ýap we Gar­kyn et­rap­la­ry­nyň her­sin­de güý­jen­me­si 110 kW bo­lan bir sa­ny elekt­rik be­ke­di­ni gur­mak bo­ýun­ça Ow­ga­nys­ta­nyň Ener­ge­ti­ka we suw ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň “Türk­me­ne­ner­go­gur­lu­şyk” kon­ser­ni­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­ny­lar.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar türk­men Li­de­ri­niň bu asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­li­si­niň, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýö­red­ýän pa­ra­hat­çy­lyk we açyk­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bu döw­let­le­riň halk­la­ry­ny ga­dym­dan gel­ýän do­gan­lyk we ru­hy ýa­kyn­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­re­ket ed­ýän iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni, şol san­da ow­gan hal­ky­ny ýe­ňil­lik­li esas­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­ny ama­la aşyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­men hü­när­men­le­ri Ow­ga­nys­ta­nyň çä­gin­de mö­hüm yk­dy­sa­dy des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýar­lar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny goň­şy ýur­da elt­ýän elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler bar. De­mir­ga­zyk goň­şy­myz ow­gan ra­ýat­la­ry­na bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ryn­da muzd­suz kö­mek ber­ýär di­ýip, da­ba­ra­da çy­kyş eden ow­ga­nys­tan­ly­lar ho­şal­lyk bi­len bel­le­di­ler.
Ra­bat­ka­şaň – Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­ni ulan­ma­ga ber­mek da­ba­ra­sy­nyň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar kö­pu­gur­ly se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, goň­şy ýur­duň gel­jek­ki ösü­şi­niň, ow­gan hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­nyň yg­ty­bar­ly esa­sy­nyň goý­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, çy­kyş eden­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ow­ga­nys­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şin­de yzy­gi­der­li kö­me­gi hem-de gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ow­gan hal­ky­nyň mu­ňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni we do­gan­lyk türk­men hal­ky bi­len ga­dym­dan gel­ýän dost­luk gat­na­şyk­la­ry­na uly sar­pa goý­ýan­dy­gy­ny aýt­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, şu gün­ki wa­ka Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň se­bi­tiň umu­my yk­rar edi­len pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­zi bol­mak bi­len, pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne berk yg­rar­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Şol ýö­rel­ge­ler bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň öze­ni­ni düz­ýär.