Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, täze belentliklere çykarylýar. Milli Liderimiziň bu abraýly guramanyň belent münberinden öňe sürýän halkara başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolup, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu başlangyçlar esasynda uly ähmiýetli Rezolýusiýalar kabul edilýär. Türkmenistan halkara guramanyň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlislerine işjeň gatnaşýar.
Üstümizdäki ýylda-da Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi geçiriler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alar.
Soňky dünýä wakalarynyň seljerilmegi geosyýasy ýagdaýlaryň düýpli özgerendigine şaýatlyk edýär. Howpsuzlygyň sebit we halkara ulgamlarynyň durnuklylygynyň we netijeliliginiň peselme meýli güýçlendi. Türkmenistan parahatçylyk we howpsuzlyk, birek-biregi hormatlamak hem-de içerki işlere goşulyşmazlyk üçin deň derejedäki jogapkärçiligiň ýörelgeleriniň esasynda parahatçylykly we netijeli gepleşikleri döwletleriň arasyndaky ähli jedelleri kadalaşdyrmak üçin esas bolmaly diýip hasaplady we hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.