Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň 10-njy jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär. Milli Liderimiziň 2009-njy ýyldan bäri, yzygiderli dowam etdirýän bu giň göwrümli ylmy ensiklopedik neşiri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby daşary ýurt hünärmenlerinde hem uly gyzyklanma döretdi.
Günki onuň sahypalarynda ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary içgin beýan edilýär, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary görkezilýär. Tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolan dermanlyk ösümlikleriniň ensiklopediýasynyň täze neşiriniň okyjylara ýetirilmegi şatlykly waka boldy. Nazary hem amaly taýdan düýpli esaslandyrylyp kesgitlenen, Türkmenistanyň tebigy we ylmy mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp öňe sürülýän, bu ulgamy ösdürmegiň anyk ýollary beýan edilýän kitapda türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleri barada düýpli maglumatlar jemlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň saglyk ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümliklerinden giňişleýin peýdalanmak babatdaky işleri ylmy esasda ýola goýmak üçin yzygiderli tagalla edýändigini hemmämiz bilýäris. Şol tagallalar netijesinde-de gysga wagtda köp sanly ylmy işler we kitaplar neşir edildi. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitaplary bilen ýakyndan tanşan mahalyň olaryň her biriniň düýpli ylmy işleriň toplumydygyna göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin hem, milli Liderimiziň her bir kitabyna we ylmy işlerine bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Bu hakykata biz eýýäm ençeme sapar şaýat bolduk.
Türkmen tebipçiliginde we halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk maddalaryň ummanyny özünde saklaýan derman ösümlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döreden bu ylmy işiň gündelik durmuşymyzdaky ähmiýeti biçak uludyr. Türkmen topragynyň çogly güneşiniň we tenekar howasynyň täsiri bilen kemala gelýän ösümliklerimiziň düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp bolan biologik işjeň maddalar köp mukdarda saklanýar. Elbetde, olaryň dermanlyk häsiýetleriniň ýokarlanmagyna tebigatymyzyň tämizligi, daşky gurşawymyzyň abadanlygy özüniň oňaýly täsirini ýetirýändir.
Derde derman ösümlik dünýäsiniň dürli keselleri bejermekdäki aýratynlygyny öwrenip, olary köp jiltli kitap görnüşinde öz halkyna sowgat etmegi ýüregine düwen hormatly Prezidentimiziň ençeme ýyllap çeken zähmetiniň miwesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby bilen ýakyndan tanşan her bir adamyň özüçe açyş etjekdigini arkaýyn aýdyp bileris. Sebäbi köpýyllyk ylmy gözlegleri özünde jemleýän bu kitabyň sahypalaryny açyp ugranyňdan eliňde dermanlyk ösümlikler hakyndaky tapylgysyz maglumatlary saklap oturandygyňa düşünýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki wagtda dünýä ülňülerine tarap ugur alyp, amala aşyrylýan giň möçberli işler döwrebap ösüşler bilen utgaşyp gitdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan, milli saglygy goraýyş ulgamyny gyşarnyksyz kämilleşdirmäge gönükdirilen ugur diňe bir gazanylan oňyn netijeleri berkitmäge däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna-da ýardam etdi. Şol ýörelgäniň çäklerinde ýurdumyz halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen anyk üstünlikleri gazanýar. Şol üstünlikleriňem gözbaşynda milli Liderimiziň durandygyny bu gün türkmen halky buýsanç bilen belleýär.
Merjen DURDYÝEWA,
TDLU-nyň mugallymy.