Dünýäniň iň gowy adalarynyň sanawy kesgitlendi. Köpçülikleýin tomusky dynç alşyň möwç urýan döwründe geçirilen seljermä görä, sanawda birinji orny Indoneziýanyň Ýawa adasy eýeledi. “Travel & Leisure” neşiri syýahatçylaryň arasynda geçiren pikir soraşmalaryň netijesi boýunça bu sanawy düzdi.
Jahankeşdeleriň bellemegine görä, Ýawa adasy ajaýyp şaglawuklary, wulkanlary, ak çägeli deňiz kenary, gadymy ybadathanalary we myhmanhanalaryndaky hyzmatlarynyň ýokary derejeliligi bilen tapawutlandy. Bu sanawda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Indoneziýanyň Bali we Lombok adalary eýeledi. Dördünji orun Maldiw adalaryna, bäşinji orun bolsa, Täze Zelandiýanyň Waiheke adasyna degişli boldy. Şeýle hem ilkinji onluga Palawan (Filippinler), Mawrikiý (Mawrikiý Respublikasy), Sebu (Filippinler), Paros (Gresiýa) we Tasmaniýa (Awstraliýa) adalary girdi.